JEMGYÝET

Aýa ýörite uçar gatnawy

26-njy maýda Awstraliýanyň “Qantas” awiakompaniýasy ýolagçylar üçin “Meni Aýa äkidiň” atly adaty bolmadyk uçuşy amala aşyrar.

Uçuşyň senesi we ady tötänleýin däldir. 26-njy maýda Aý tutulmagy hadysasy bolup geçýär. “Boeing 787” uçary agşam howa menzilinden uçup, iň ýokary belentlige 13 kilometre çykar (köplenç uçarlar takmynan 10 kilometr belentlikde uçýar).

Bu uçaryň ýolagçylaryna professional astronom tarapyndan Aý tutulmagy barada giňişleýin maglumat berler we ýolagçylar ajaýyp astronomik hadysa tomaşa etmekden lezzet alarlar.

Uçaryň ekonom-klasynyň bileti takmynan 390 dollar, premium-klasyň bahasy 704 dollar, biznes-klasyň bahasy bolsa 1170 dollar töweregi boljakdygy habar berildi.

Mälim bolşy ýaly, “Qantas” awiakompaniýasy koronawirus pandemiýasy sebäpli ýitgileriň öwezini dolmak üçin köpden bäri adaty bolmadyk uçuşlary gurnaýar. Mundan ozal, hem ýolagçylar üçin Beýik Barýer rifiniň we Antarktidanyň üstünden uçuşlary amala aşyrypdy.

 

Hytaý-Merkezi Aziýa daşary işler ministrleriň duşuşygy geçirildi

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2024-nji ýylyň iň gowy etraby – Sakarçäge etraby

Bahar Seýidowa medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer wezipesine bellendi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisini kabul etdi