TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Awazada «Rowaç» kottejler toplumy açyldy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa şu günden dynç alşa çykan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Balkan welaýatynyň häkimi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy garşylady. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ýörite taýýarlanan joşgunly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz täze gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň toý bagyny kesip, onuň hyzmat ediş merkezinde, kottejlerde, ýanaşyk deňiz kenarynda raýatlaryň göwnejaý dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Ýeri gelende bellesek, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Sabyrly maşgala» hususy kärhanasynyň, «Kent gurluşyk» hem-de «Güneşli deňiz» hojalyk jemgyýetleriniň buýurmalary esasynda gurlan täze toplum häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän 2 gatly kottejleriň 48-sini özünde jemleýär. Umumy meýdany 10 gektara deň bolan kottejler toplumynyň gurluşygyna geçen ýylyň ýanwarynda badalga berildi. Onuň açylmagy bilen, 200-e golaý täze iş orny döredi.

Toplumyň çägindäki standart, maşgala we lýuks görnüşli 10, 16, 18 otagly kottejlerde dynç almaga gelýän raýatlar üçin ähli zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr.

Ýene-de okaň

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi: 7 aýyň jemi

Ata Watan Eserleri

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet maslahaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

Awazada halkara maslahat: 39 döwletden we 34 halkara guramadan wekiliýet gatnaşýar

Ata Watan Eserleri