DÜNÝÄ

Awaza: ýerli we daşary ýurtly habarçylar sammitde

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilýär. “Awaza” Kongresler merkezinde geçirilýän duşuşyga – Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşýar.

Bu halkara sammiti dünýä hem-de ýurdumyzyň okyjylar köpçüligine ýetirmek üçin köp sanly ýerli we daşary ýurtly habarçylar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geldi.

Merkezi Aziýanyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň žurnalistleri, fotohabarçylary sammit baradaky habarlary yzygiderli öz ýurdunyň okyjylaryna ýetirdiler.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagylan bu halkara duşuşygyna daşary ýurtdan 40-dan gowrak habarçy gatnaşýar.

Olar üçin “Awaza” Kongresler merkezinde metbugat otagy döredilip, ol ýerde kompýuter enjamlary hem-de ýokary tizlikli internet hyzmatlary berilýär.

Habarlary gyzgyny bilen okamak üçin şu ýere basyň we Applikasiýamyzy mugt ýükläp alyň! @atavatanhabar Instagram hasabymyzy hem yzarlamagy unutmaň!

 

Awaza: Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentiniň duşuşygy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Azerbaýjan-Türkiýe-Gruziýa: daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy