TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Awaza: Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentiniň duşuşygy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygy boldy.

Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ikiçäk duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň sebit hyzmatdaşlygyny has-da berkitmekde nobatdaky möhüm tpagyr bolup durýandygy bellenildi.

Prezidentler sebit we halkara meselelerini, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşdylar.

Iki ýurduň Prezidentleri täze taslamalaryň ilerledilmegi, sebitleriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi, iki ýurduň arasyndaky işewür wekilleriniň gatnaşyklarynyň ilerledilmegi babatda pikir alyşdylar.

Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, Günorta Aziýa we Günorta Kawkaz geçelgeleri arkaly täze bazarlara çykmagyň ugurlary maslahatlaşyldy.

Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisini hem-de işewürler geňeşini geçirmek babatda ylalaşyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň hem ikiçäk duşuşygy geçirildi.

 

Awaza: Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ýene-de okaň

Putine “Belarus” kysymly traktor sowgat edildi

Amerikanyň işewür topary Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

Tokaýew prezident dalaşgärligine hödürlendi

Teswirle