JEMGYÝET

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna howa gatnawy açyldy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak isleýän lebaplylar indi oňa uçarda hem baryp bilerler. 1-nji iýundan Türkmenabat halkara howa menzilinden «Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat» ugry boýunça howa gatnawlary dikeldildi. Bu barada “jeyhun.news” internet neşiri habar berýär.
Ozal dünýäde koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly Türkmenabat halkara howa menzilinden sebitlere howa gatnawy bes edilipdi. Diňe «Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenabat» aralygynda ýolagçy gatnawy amala aşyrylýardy.
«Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat» ugry boýunça ýolagçylaryň gatnawy duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylar. Howa gatnawlarynyň tertibi «Türkmen gündogary» gazetiniň 3-nji iýundaky sanynda çap edildi.
Gatnawlar arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bilen amala aşyrylar.

 

30 sany baýrak Size garaşýar: Sanly ulgam barada Makala bäsleşigi

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi