SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Awaza”: 15-nji maý – 1-nji sentýabr aralygynda dynç alnar

Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň wagtyny gyzykly we netijeli geçirmekleri üçin has amatly şertleri döretmek, olaryň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek hem-de dynç alýanlara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça dolandyryş merkezi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Şeýle hem resminama bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak boýunça dolandyryş merkezi hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;

Balkan welaýatynyň häkimligi hem-de degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 15-nji maýy – 1-nji sentýabry aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda adamlaryň dynç alşyny guramagy üpjün etmek tabşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 6-njy maýda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyş  möwsümi şu ýylyň 15-nji maýyndan başlanjakdygy mälim edilipdi.

 

Awaza: 15-nji maýdan dynç alşa başlanar

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Daşoguz uçuşlaryň sanyny artdyrýar

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Ýaponiýaly lukmanlar Türkmenistanda saparda bolýarlar

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär