30/10/2020 12:01
Home ATAWATAN ESERLERİ Watana, mertebä söýgi beýany

Watana, mertebä söýgi beýany

Watanyňa, halkyňa, dogan-garyndaşlaryňa bolan söýgi Allatagalanyň adamzada beren peşgeşleriniň iň naýbaşysydyr. Adamyň kalbyndaky gudratly söýgi duýgusy ony beýik gahrymançylyklara, haýran galdyryjy mertlige, töwekgelçilige ruhlandyrýar. Döwürler dolanyp, zamanalar üýtgese-de, söýgi öz ylahy güýjüni ýitirmeýär. Watana bolan söýgi – türkmeniň kalbyna siňen ajaýyp duýgy bolup, ol türkmen ýigitleriniň aň-düşünjeliliginde, batyrlygynda, gaýduwsyzlygynda jemlenendir. Erkekler bilen deň hatarda zenanlaryň hem öz mekanyny, mertebesini goramak duýgusynyň ýokary bolandygy bize taryhy wakalardan, edebi çeşmelerden mälim. Şu makalada “Näme üçin naryň täji bar?” diýen rowaýaty mysal getirmegi makul bildim. Rowaýatda aýdylyşyna görä: “Öran ir wagtlarda beýik baýryn üstünde daşy daşdan örülen diwarly bir gala ýerleşýän eken. Galanyň töwereginde gür baglyga bürenip oturan, jaýlary gyzyl reňk bilen reňklenen gadymy şäher bolupdyr. Şol galada hem bir han ýaşapdyr. Han özüniň adyllygy bilen dünýä meşhur bolupdyr. Şol hanyň hem 40 sany gyzy bar eken. Gyzlar biri-birine şeýle meňzeş bolup, edil sapaga düzülen merjenleri ýatladypdyr. Gyzlar öran owadan bolansoňlar, olaryň gözelligini dilde wasp etmäge söz ýetmändir.

Patyşanyň gyzlary diňe bir owadanlygy bilen däl, eýsem akyllylygy, edepliligi, adamkärçilikleri bilen şäherde meşhur ekenler. Olar öz ata-enesine, dogan-garyndaşlaryna, özünden ululara, kiçilere hormat goýmagy başarýan, asylly, edepli gyzlar bolup ýetişipdirler. Olaryn zähmetsöýerligi, mähirliligi baradaky gürrüňler diňe bir galanyň töweregindäkilere däl, eýsem daglardan, deňizlerden, çöllerden aşyp, uzak menzillere ýaýrapdyr. Adyl hem-de akylly hany bolan bu şäherde halk eşretli durmuşda ýaşapdyr. Şäheriň üstüne duşman çozdugy ähli halk beýik galanyň içinde gizlenip, duşmanyň güllesinden halas bolupdyrlar we olara garşy gaýduwsyz göreşmegi başarypdyrlar.

Okap bilersiňiz  Dünýäniň iň uly üstünligine

Bir goňşy ýurduň hany bularyň agzybir, parahat ýaşaýandyklaryny, patyşanyň  akylly hem-de owadan 40 gyzynyň bardygyny eşidip, şol şäheri basyp  almagy we gyzlary öz galasynda saklap, ogullaryna gelin edinmegi ýüregine düwüpdir. Hanyň goşunlary edil tüweleý ýaly bolup, adyl patyşanyň şäherine çozupdyrlar. Şäheriň halky derrew galanyň içinde gizlenip, duşmanyň üstüne daş oklap, gülle ýagdyryp başlapdyrlar. Hanyň muňa gahary gelip: ”Bu nalajedeýinler  nädip meniň garşyma gidip bildilerkä?” diýip, öz esgerlerine şäheri derbi-dagyn etmegi buýrupdyr. Emma esgerlere şäheriň halkyny boýun egdirmek başartmandyr. Soňra olar galanyň içinde ýaşaýan adamlaryň iýmitiniň hem-de suwlarynyň gutarmagyna garaşyp, galanyň daşyny gabap ýatypdyrlar. Günler, hepdeler, aýlar geçýär, ýöne galadaky halk olara boýun bolmaýar. Bu uruşda şäheriň esgerleri, soňra adyl patyşanyň özi we ýakynlary wepat bolup, galada diňe aýallar we çagalar galypdyr. Şonda patyşanyň 40 gyzy erkek eşigini geýip, duşmana garşy söweşe girişipdirler. Bu barada duşmanlar bilip, galany öňküden hem has beter, ýygy-ýygydan nyşana alyp, ok atyp başlapdyrlar. Birnäçe gün geçeninden soň basybalyjy hanyň jarçylary galanyň ýanyna baryp, gyzlaryň boýun egmeklerini talap edipdirler. Gyzlar hem duşmanyň eline düşenlerinden, ölenlerini gowy görýändiklerini aýdypdyrlar. Olar gündiz hanyň esgerleri bilen söweşip, gijesine bolsa ýatman, toýundan palçyk edip, galany kem-kemden ýokaryk galdyrypdyrlar we onuň okdan deşilen ýerlerini ýapypdyrlar. Gyzlar galany uzak wagt galdyryp, haçan-da halys güýçden gaçan wagtlary, galanyň iň soňky deşigini ýapmaga ýetişipdirler. Şeýdip gala 40 gyzyň mazary bolup galypdyr.

Okap bilersiňiz  Söýgi gudraty

Hanyň muňa öňküden hem beter gahary gelip, esgerlere galadan hiç bir ýadygärlik nyşan galmaz ýaly, ony ýumurmagy, tekizlemegi we ýer bilen deňleşdirmegi buýrupdyr. Esgerler talaňçy we gyňyr hanyň buýrugyny ýerine ýetiripdirler. Ertesi ir bilen turup görseler, galanyň deregine, onuň içinde öň görlüp-eşidilmedik, owadan gülleri edil gan ýaly gyzyl reňkli, bir ösümlik gögerip çykypdyr. Han öz nökerlerine bu ösümligi kesip, ýok etmegi buýrupdyr. Nökerlere ösümligiň şahalarynyň ýiti tiken bilen örtülenligi sebäpli, ony ýok etmek başartmandyr. Birnäçe wagt geçeninden soň ösümligiň ullakan, açyk-gyzyl reňkli, gabygy galyň miwesi bişip ýetişýär. Miwesini kesip görseň onuň içinden edil gymmat bahaly daş ýaly biri-birine meňzeş gyzyl reňkli şireli däneler dökülýär. Belki olaryň sany kyrk, ondan hem köpdür. Rowaýatda bellenilişine görä, bu ösümligiň miwesi şol ýurduny goran mert we öz ata-enesine, halkyna wepaly bolan patyşanyň 40 gyzyndan ýadygär galan bolmaly.

Okap bilersiňiz  Dünýäniň ykdysady ösüşi has pese gaçar

Naryň täji – patyşanyň gyzlarydygynyň nyşany. Naryň galyň gabygy – şäheriň galasy, içindäki däneleri – bir-birine meňzeş bolan patyşanyň gyzlary, gülüniň gyzyl reňki – günäsiz dünýäden ötenleriň ganynyň reňki bolmaly. Naryň miwesiniň içindäki däneleriň gatylygy – şol mert hem-de gaýduwsyz gyzlaryň erki  bolmaly. Ösümligiň şahalaryndaky ýiti tikenler – ýurduň goraglylygynyň nyşany”.

Rowaýatda aýdylýan gala biziň ýurdumyzda häli-häzir hem saklanyp  galypdyr. Ony: “Gyzgala” ýa-da “Kyrk gyz galasy” diýip atlandyrýarlar. Bu şol adyl patyşanyň 40 gyzynyň ýaşan galasy bolmaly. Türkmen halky häli-häzire çenli öz ýurdunyň serhedini goran, duşmanlaryna mert gaýtawul beren, abraýyny goramagy başaran batyr türkmen gyzlaryň ýagty ýadygärligine hormat goýup, ýatlap, tagzym edýär. Watany söýmek, zenan mertebesini saklamak duýgusy türkmeniň aňyna, ganyna siňip, durmuş ýörelgesine öwrülipdir. Çünki gadymy döwürlerden häzirki güne çenli dowam edilýän ähli däp-dessurlarymyzyň, urp-adatlarymyzyň özenini päklik, ahlaklylyk, bir söz bilen jemläp beýan edenimizde, – halallyk düzýär.

Gülbahar Atadurdyýewa,

Türkmenistanyň Serhet institutynyň alym kätibi.

 

 

 

 

 

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň DIM-nde BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi
Okap bilersiňiz  Türkmen-tatar iş toparynyň onlaýn duşuşygy

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  «Apple» dükanlary gaýtadan açylýar
Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Okap bilersiňiz  Säheriň kalbynda päklik bar ýa-da ilkinji ädimler säherde ädilýär
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...

Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi

Meniň pikirimçe söýgi -bu adamy synagdan geçirýän iň bir ajaýyp duýgularyň biridir. Ol öwgi aýdymlary aýdylýan we asyrlar boýy her dürli rowaýatlardyr, hekaýalary özünde...

Daşyndan açylmaýan gapy

(hekaýa) “Gyzly öýe kyrk at baglanar”  “Paýhas çeşmesi” Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasynyň ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Patyşa gyzy üçin bir owadan köşk gurdurypdyr. Ýöne, ol köşküň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Durmuş gurmagyň amatly ýaşy

Sosiologlar bagtly durmuş gurmak üçin iň amatly ýaşy kesgitlediler diýip, köpçülikleýin metbugatda habar berýär. Hünärmenleriň pikiriçe, durmuş gurmak üçin iň gowy ýaş 28 bilen...

Bitaraplygyň 25 ýyllygy: 25 million bag nahaly ekiler

Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli şu ýyl ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Türkiýede “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly surat sergisi geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasynda (TÜRKSOÝ) “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly surat sergisi geçirildi. TÜRKSOÝ edarasynyň resmi saýtynda berlişi ýaly,...