27/11/2020 9:58

Garaşmak

Şeýle seredeniňde ýönekeýje söz ýaly welin, meniň ýüregime girip görseňiz, bu beýle däl. Garaşmak onda-da intizar ýola dikip garaşmagyň nähili hupbatynyň bardygyny, siz bir bilsediňiz. Muňa haçan-da, kalbyňyzda söýgi ody dörän ynsan düşünäýmese, başgalar düşüner öýdemok. Niçeme-niçeme eserleri okap, söýginiň şeýle ezýet çekdiriji derdiniň bardygyny bilsem-de, bu derdiň öz başyňa düşende beýle-beýle oýunlary turuzjagyny hiç haçan pikir etmändirin. Soraman gelýän söýgi. Ol islendik wagty seniň başyňy aýlap, ähli zatdan sowaşdyraýýan eken. Söýgi. Ilkinji garaýyşlardan döreýän söýgi. Birek-biregi tanamazdan, bilmezden tötänlikde göreçleriň kaklyşyp, birek-birege gönügen nazarlardan dörän uçgunyň köräp, gylaw almagyna näme sebäp bolýarka? Men ony tanamok. Ol hem meni. Hat-da adynam bilemok. Sataşanymyzda-da nirelerden  bir ýerden özüňe gönügen nazary duýmazlyk asla mümkin däl. Şol tarapa seretmezlige çalyşsaň-da, öz erkiňe bagly bolmadyk nämälim duýgularyň girdabyna düşeniňi duýman galýarsyň. Näme üçin? Soňky döwürde meniň göwnüme bolmasa, sen maňa sataşanyňda özüňi oňaýsyz alyp barýan ýaly, aljyraýaňmy ýa-da… Ony seniň hereketleriňden aňmaga çalyşýaryn. Bir zatlar aýtmaga ymtylýan ýaly, ýöne nämedir bir zat seni saklaýar. Çekinýäňmi ýa-da utanýaňmy bilmedim. Ýöne seniň garaýyşlaryň, maňa gönügen nazaryň sözlemeseň hem ýüregiňi açyp berip dur. Belki, meniň dillerime garaşýansyň. Ýok, ýok, ol hiç haçan bolmajak zat. Gyzlar hiç wagt öz söýgüsini ilki aýan edýän däldir. Ol gyzlara mahsus bolmadyk häsiýetlerdir. Gyzlar söýgi meselesinde näçe ejir, ezýet çekseler-de, ilki dillenmegi diýseň ýerliksiz, utanç hasaplaýarlar. Bu türkmençiligiň kada-kanunlaryna gelişmeýän hereketler hasaplanylýar.

Okap bilersiňiz  BMG-niň ozalky baş sekretary aradan çykdy

Ara köp wagt düşdi. Görüp otursam, seni görmänime iki hepde bolupdyr. Saňa sataşaryn diýen umyt bilen okuwa gidýärin. Birden ýitip gitmegiňi öz ýanymdan gowulyga ýorýaryn. Günde sen hakdaky ýatlamalar bilen ýaşaýaryn. Ýöne geçen hepdäň uzaklygy seni menden azajyk daşlaşdyrdy. Wiý, meniň diýip oturan zadym näme? Biz bir gezegem birek-birege söz gatyp görmedik ahyryn. Bir-birimizi daşymyzdan görüp, gözler bilen gürleşmek belki, söýgi alamatlary bolsa-da, tanaman, bilmän kimdir birini söýüp bolarmy? Häli-şindi tanamaýan adamyň ýadyňa düşüp durmagyna näme sebäp bolup biler? Öz-özüme sowal berip, şol her günki gatnaýan ýodamdan okuwa barýaryn. Pikirleriň girdabyna düşüp, daş-töweregime seretmändirin. Başymy galdyrsam şol owadan gözler maňa ýylgyryp seredip dur. Geçip gidibermekçi bolsam, ilkinji gezek baş atyp salam berdim. Sen baş atdyň-da, geçip gitdiň. Öz duýgyňy basyp, oňa garşy gitmekden ejirli zat ýok eken. Gyz utanjaňlygy ähli zatdan rüstem geldi. Emma men entägem onuň maňa düşünmegine garaşyp gezýärin…

Okap bilersiňiz  Söýgi hakda oýlanmalar

Allanazar Jumaýew,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag

kommunikasiýalary institutynyň talyby

 

Okap bilersiňiz  “Gremmi” baýragynyň ýeňijisi aradan çykdy

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Okap bilersiňiz  Dijital Bakanlar Kurulu Toplantısı: 2019-2025 Kalkınma Programı değerlendirildi

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

IŇ TÄZE HABARLAR

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi.
Okap bilersiňiz  Söýmek söýülmek bagty
Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan «Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisi geçirildi, onuň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Forumyň barşynda Gazagystan Respublikasynyň daşary...

Ankara şäherinde uly led ekranda Türkmenistan barada wideorolik

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşini beýan edýän wideorolikler Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň edara...

140 milliony satyldy

“Redmi Note” kysymly smartfonlaryň 140 million sanysy satyldy. Bu barada “Xiaomi” kompaniýasynyň “Weibo” jemgyýetçilik torunda mälim edildi. “Redmi Note 8” smartfony 2020-nji ýylyň ilkinji...

Zähmete minnetdarlyk güni

Ýaponiýanyň milli baýramçylyklarynyň biri bolan, “Zähmete minnetdarlyk güni” her ýylyň 23-nji noýabrynda ýurduň çäklerinde giňden bellenilýär. Bu günde ähli pudaklaryň işgärleri, daýhanlar, döwlet edaralarynyň...