22/10/2020 8:00
Home ATAWATAN ESERLERİ Ene – iň eziz barlyk

Ene – iň eziz barlyk

Panylaryň  arasynda  iň  eziz  barlyk  enedir.  Ol  ýer  ýüzünde gezýärkä, başy göge dirär, “Jennet bolsa, aýagynyň aşagyndadyr”.Aýagynyň  tozy  göze  sürme  deý,  oňa  sürtülen  ýüz  bolsa  arşyň işigindäki  baş  ýaly  belentdir.  Ene  dert  –  yza  çekýän  barlykdyr. Ömürboýy iňlär, syzlar… Enäni ene edýän perzentdir. Ene “enem” diýen biri bilen enedir. Enäniň arzuwy perzentdir!

Ene  bardyr  çagasyny  hak  ýola  bagyş  eder.  Ene  bardyr  çaga islär,  emma  oňa  ýetip  bilmän  armanda  gider.  Ene  bardyr  doguran çagasyny gizläp, onuň haýasyndan ýer ýarylmaz ol girmez. “Käşge ony dünýä indermänkäm ölen bolsadym, öňýeteniň diline çolanman, unudylyp gitsedim” diýer. Ene bardyr perzendi bilen bakylaşar, başy asmana ýeter. Ene bardyr perzendi sebäpli biçäre, haly perişandyr. Ene bardyr Faraonyň köşgünde bolsa-da, il-halkyň ezizine öwrüler. Ene  bardyr  Pygamber  gaşynda  otursa-da,  ýüregi  şeýtan höwürtgesidir. Ene bardyr ses-üýnsüzdir, göze ilmez, ýöne, bägüller çemenini  ýetişdirer.  Ene  bardyr  dessanlara  sygmaz  ol  herkesiň aňyndadyr, ýüregindedir, al-asmanda melekleriň arasyndadyr.

Enäniň söýgüsi uly güýçdir. Oňa taý geljek zady gözleseň, uzak oýlandyrar. Höwürtgede ýatan gyzyl etene jüýjejikleri olardan sähel uly  guşjagazyň  ulaldyp  uçurum  edişi  aklyňy  haýrana  goýar. Perzendiniň  sallançagyny  üwräp  telim  gijäni  ukusyz  geçiren  ene “ýadadym, irdim” diýmez, gaýta “Aýlanaýyn adyňdan” diýer  –  hüwdi aýdar. Ýer ýüzünde ene söýgüsi sähel azalsa ony doňaklyk bürär. Çünki  ýer  şarynam  ýyladýan  ene  mähriniň  ýylysydyr.  Garry  ejeň gasyn-gasyn  elleriniň  pamyk  ýaly  aýasy  bilen  çalaran  başyny sypanda  ýüregiňe   siňdirýän  ýylysyny  başga  hiç  zat  bilen  berip bilmez.  Ol  ýylynyň  ýanynda  doňaklyklary  pagyş-para  eredýän Günüň ýylysam  hiç zat. Ene söýgüsiniň ýylysy seni çagalyga alyp gider.  Ejeň  agşam  sagyp  goýan  süýdüniň  gaýmagyny  syryp, başujyňa  getirip,  başyňy  sypap  oýadyşy  ýadyňa  düşer.  Ýyllaryň ýüregiňe  salan  kirşeni  syrylar.  Ýerine  üýtgeşik  bir  ýyly  geler  hem gussa   batarsyň.  Şol  ýyllarda  eneň  söýgüsini  adaty  zat  ýaly görendigiňe  gyýylýarsyň.  Ene  welin  şoňa-da  razydyr.  Ol  başyňy sypar-da, baryny bagyşlar.

Okap bilersiňiz  192 trillion ýewro bilen dünýä rekordy

Toprak  tohuma  enedir,  suwa  çeşme.  How  ene  külli  adamzada ene.  Bibi  Merýem  İsa  Mesihe.  Emine  Älemleriň  buýsanjy Muhammet Mustapa …

Enäniň  gowusam  bardyr,  erbedem.  Gowsuna  janlar  pida. Erbedine, betbagtyna näme diýeli? Balasyna güler ýüz bermedige, balasyndan güler ýüz görmedige. Bagtly güne ýüzi düşmedige …

Ene-perzent  iki  ten,  bir  jandyr.  Perzent  enäň  bagrynyň parasydyr,  gujakda  ýüregi  ýyladýan  közdür,  emedekläp  ýörenje mähirdir.  Soňra  …  Soňra  tirkeş-tirkeş  gelen  aýralyklar  bilen synasyny ýakan gora öwrüler, ýürege sanjylan tyga-naýza…

Ýetginjeklik ýaşa ýetende hamrak ejeň söýgüsine gödeklik bilen jogap berip başlarsyň. Muňa ene ýüregi näçe ezilse -de syr bermez: “Oglum ýigit çykyp barýar‖ diýer begener. Soňra eneň seni Watan gullugyna  ugradar.  Şonda  enäniň  gözleri  ýaşlam  bolsa,  ýüregi ganatlydyr.  Ene  perzendine   näçe  ―balam,  balam”  diýse-de, jigerbendiniň  ilki  bilen  Watanyň  ogludygyna  düşünýändir.  Çünki Watanyna  ysnat  getiren  oguldan  ene-de  bizardyr.  Watan gullugynda duran oguldan enäniň başy buýsançlydyr. Emma, başy howaly  ogul,  sen  bu  zatlary  bilmersiň.  Uzyn  hatyň  içinde  “Nähili ejemem  ýagşymy?”   diýen  iki  setiriňi  eneň  görgüli  telim  gezek okadar.  Munuň  bilenem  kaýyl  bolman  şol  ýeke  jümläňi  içindenem doga  kimin  gaýtalap  gezer.  Ol  janyndan  eý  görýän  perzendini mukaddeslerine,  Watanyna,  ar-namysyna  bagyş  etmegi  beýik pidakärlik saýar, ondan teselli tapar…

Okap bilersiňiz  Türkmen-Türk vatandaşların karşılıklı geliş-gidişleri istişare edildi

Perzendi talyp bolup okuwa barýan enäniň ýüregi guş bolup uçar. Oglunyň  kitaplaryny  alyp  öýden  çykanyny  görüp,  penjireden  ony assyrynlyk bilen  synlar. Ene Alladan “Oglumy gözden-dilden gora” diýip dileg etse-de, göz guwanjyny owadan gyzlardan gabanar. Ene her  näçe  gabansa-da,  gorasa-da,  ahyr  bir  perizadyň  jadylaýjy nazaryndan  göwün  şadyny  gorap  bilmez.  Ýene  enäniň  gözünden ýaş  syrygar.  Goşa  kepderi  deý  gaşynda  oturan  ogul  bilen  gelin  ol ýaşyň manysyna entekler düşünmez …

Ene  perzendini  durmuşynyň  her  öwrüminde  uly  alada  galar.  Ol her kötelde hopugar, göz ýaşyna erki ýetmez. Ol köp aglar, körär, tütär, ýanar. Özi aglap, özi diňen mahallary käte teselli tapsa, käte de agysyna bogular. Perzendiň geldi-geçer, biweç ýaşap ölse  näme diýjek?  Ine,  şonda  enäniň  dili  tutular.  Gijeler  aýdan  hüwdüsi  agy bolup  gulagynda  ýaňlanar.  Şonda  ene  söýgüsini  perzentden gysganarsyň.  Emma,  “Ene,  dur  beýle  kökenek  bolma,  “Oglum!”diýip  allalanyň  kim  bolup  ýetişjegini  näbilýäň?”  diýebilmersiň. Diýäýeňde-de ene seni asla diňlemezem. O söýgi, mähir oňa Alla tarapyn berlendir. Perzendem enesini şol söýgüniň ondan biri ýaly söýüp  bilsedi,  belki-de  ýer  ýüzünde  näletkerde  ogul  galmasa-da galmazdy.  Enäniň  gara  bagry  şeýle  ogullardan  ýanmasa-da ýanmazdy…

Okap bilersiňiz  “Apple” ýene bir täze önümiñ üstünde işleýär

Ýene bir gahryman eneler bar. Olaryň tarypyny ýetirerden ynsan sözüniň  güýji  ejiz.  Perzent,  perzent  diýip  didaryna  ýetip  bilmedik biçäre  ene  gider-de,  “ene” adyny  ýere  çalyp,  bagryndan  önen jigerbendini taşlap giden bir doňýüregiň ýetimje çagasyna  –  “ejem ynha  geler”  diýip,  gözi  ýolda  galan  perzendine  eýe  çykar.  Ony  öz balasy deý ýetişdirer. Çaganyň ýatdygyny ýigit çykanyndan soň ne onuň  özi  biler,  ne-de  iliň  habary  bolar.  Beýle  ene:  ―Bu  çaganyň atasy  näbelli,  enesi  näbelli,  özüniň  kim  bolup  ýetişjegi  asla-da näbelli‖  diýip  howatyr  etmez.  Ol  öz  ene  söýgüsiniň  güýjüne,  onuň aklyňy  haýran  edýän  gudratyna  bil  baglar.  Beýle  söýgi  siňdirilen perzendem gaýratly ―enesiniň‖ ýüzüni ýere salmaz. Ony dili gysga etmez.  Ony  ýat  diýip  iteklemedik,  keseki  diýip  keseklemedik “enesini”  özüni  dogran  eneden  ileri  tutar.  Dogran  ene  aňyrda dursun,  dünýäniň  ähli  enelerinden  eziz  hasaplar.  Ene  söýgüsiniň beýle  gudratyny  göreniňde,  ähli  eneleriňem  perzentlerini  şol ogullygy ogul eden enäniň söýgüsi bilen söýenlerini isleýäň.

 

Mähribanlar!  Çagalaryňyzdan  mähriňizi  gysganmaň,  olary  köçä  kowmaň,  ene  söýgüsiniň  gudratyny  reýgan  etmäň.  Goý, perzentleriňizem  sizi  utanmaly  etmesin!  Goý,  perzendi  sebäpli utanan  enäni,  başyny  aşak  salan  enäni,  dili  tutulan  enäni  älemjahan görmesin!

Okap bilersiňiz  Alçy gopan aşyk

Eý mukaddes gymmatlyklar üçin, Watan üçin, ar-namys üçin iner ýaly ýigitlerini bagyş eden eneler!

Okap bilersiňiz  Täze elektron neşir hereket edip başlady

Eý, Gökdepede perzendi wepat bolan eneler!

Eý, jahan uruşlarynda balasy gurban giden ezizler!

Eý  kesek  astynda  galyp  şehit  bolan  gahrymanlar!  Goý,  siziň ruhuňyz  şat  bolsun,  mekanyňyz  jennet.  Hakyň  Resulynyň  bir hadysynda  aýdyşy  ýaly:  “Jennet  eneleriň  aýaklarynyň aşagyndadyr”.  Bu  sebäpden  aýagyňyzyň  tozy  göze  sürme,  oňa sürtülen ýüz bolsa arşyň işigindäki baş ýaly belentdir.

 

Sopy Sopyýew,

Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň mugallymy.

 

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  «Apple» dükanlary gaýtadan açylýar
Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Okap bilersiňiz  Täze elektron neşir hereket edip başlady
Previous articleSöýgini güýjeden aýralyk
Next articleGül

IŇ TÄZE HABARLAR

Gülälek Gulmyradowa:Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Dünýäde şeýlebir bagt bar, ol seniň çagalyk arzuwlaryň wysal bolanda ýüze çykyp, seniň nurly dideleriňe mähir – muhabbete besläp, başyňy göge ýetirýär. Ol bagt...

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy. Biz bu barada öň saýtymyza Foto Habar ýerleşdiripdik....

Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Häzire çenli “Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyzyň 3 bölümini saýta ýerleşdirdik. Häzir bolsa makalamyzyň soňky bölümini Size ýetirýäris. Ýurdy goramaklygyň meselelerine garan ýokary...

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Hepdelik täleýnama (19-25-nji oktýabr)

2020-nji ýylyň 19-25-nji oktýabry aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler...

Çagaňyz gaharjaňmy?

Gaharjaňlyk — bu özüni alyp barşyň fiziki we dilden kimdir birine zyýan ýetirmeklige aýdylýar. Gahar-gazaply, lapykeç agy, çaganyň isleýän zadyny alyp berilmändigini aňladýar. Gaharly hereketler...

Ýaşlyk Ýyllary: Jelaleddin Meňburny

“Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyza dowam edýäris. Soltan Muhammet Ala ed-Din (1200-1220 dol.ýyl.) Anuşteginler neberesiniň wekili bolmak bilen, Abul Muzaffar Tekeşiň (1172-1200...

Elleri sabynlap ýuwmagyň düzgünleri

2008-nji ýyldan bäri UNISEF-iň teklibi esasynda 15-nji oktýabrda elleri ýuwmagyň halkara güni bellenilýär. Häzirki döwürde sabynlaryň: hojalyk; hajathana; çagalar üçin; suwuk; gaty; gliserinli; palçykly; kremli; ...