SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Ata Watan Dünýäde-2022”: Waşingtona onlaýn syýahat

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “Atavatan TV Youtube” kanalynda täze  onlaýn syýahatçylyk gepleşiginiň ilkinji sany ýaýlyma berildi. “Ata Watan Dünýäde-2022” ady bilen ýaýlyma berlen ilkinji onlaýn syýahatçylyk gepleşiginde ABŞ-nyň paýtagty Waşingtona onlaýn syýahat guralyp, onda ABŞ-nyň Kongres binasy barada gyzykly gürrüňler berilýär.

Prodýuser we alypbaryjy Dr.Döwran Orazgylyjowyň taýýarlan onlaýn syýahat gepleşiginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň paýtagty Waşington şäherinde ýerleşýän Kongres binasy baradaky söhbetler, şeýle hem bu binanyň gündizki we gijeki ýazgy edilen owadan şekilli görnüşleri görkezilýär.

Gepleşigimiziň indiki sanlarynda bolsa, Waşington şäherinden birnäçe gepleşikleri Size ýetireris. Olaryň arasynda Amerikanyň Prezidentiniň rezidensiýasy we ofisi bolan AK Tam, Amerikanyň ilkinji Prezidenti Jorj Waşingtonyň hormatyna bina edilen Waşington ýadygärligi, bu ýurduň taryhynda esasy yz goýan Prezidentleriniň biri bolan Linkolnyň mawzoleyi, Waşingtondaky dünýä belli muzeýler baradaky we ýene-de birnäçe gepleşikleri ýetireris.

Şu ýerde şuny bellemek isleýäris, Size ýetiriljek gepleşiklerimiz “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi, “Makul Sözlük” we Türkiýede bilim almak isleýän talyplara maslahat hyzmatlary we Türkiýede terjime hyzmat berýän “Atavatan Danışmanlık Ltd”kompaniýasynyň ýakyn ýardam bermeginde ýazgy edildi.

Onlaýn syýahat gepleşigimiziň ilkinji sanyny şu ýere basyp tomaşa edip bilersiňiz.

 

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi