Aşyr däde bilen söhbetdeşlik

Medeniýet şeýlebir jadyly sungat weli, ol özüne örän köp adamy maýyl edýär. Medeniýet pudagynda zähmet çekýän adamlar hemişe halkyň üns merkezinde bolup, halkyň söýgüsine, hormatyna duçar bolýarlar. Bizem şeýle adamlaryň biri bolan, halypa žurnalist, alypbaryjy hem-de artist, körpeleriňem söýgüli Aşyr dädesi, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty üçin söhbetdeş bolduk. Bu söhbetdeşligi hem size ýetirmegi makul bildik.

-Söhbetdeşligimiziň başyny teatra gelşiňiz bilen başlaýsak…

Türkmen halkynda “Boljak oglan bolşundan belli” diýlen nakyl bar. Menem ýaş wagtym mekdepde okaýarkam öz howlymyzda özümizden kiçilere konsert beren bolýardyk. Synpdaşlarymyň kimsi aýdym aýdýardy, kimsi saz çalýardy, kimsi oýun oýnaýardy. Şonda menem alypbaryjy bolýardym. Şeýdip mende çagalykdan medeniýete höwes başlandy. Soňra ulaldygymça goşgulary ýatlap, şol goşgulary keşbe girip okamagy öwrendim. Şeýdibem men 1976-njy ýylda Tejen etrabynyň Babadaýhan obasyndaky 5-nji  orta mekdebi tamamladym. Soňra paýtagta – Aşgabada gaýtdym. Ol wagtlar Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumy bardy. Menem şol tehnikumyň artistlik bölümine okuwa girdim. Şol ýerde Öwezdurdy Garaýew, Ata Nurmämmedow, Aýnabat Amanlyýewa ýaly halypalaryň elinde tälim aldym. Soňra bir ýyldan soňam watan gullugyna gitdim. Gullukdan gelibem okuwyma dowam etdim. soňra Tejen etrabyndaky medeniýet öýünde işe başladym. Soňra ýene Aşgabada gelip, “Edebiýat we sungat” gazetinde 1982-nji ýylda Leningradyň (häzirki Sankt-Peterburg) teatr, saz we kinomatografiýa institutynyň gurjak aktýorlygy taýýarlaýan bölümine okuwa kabul edilýändigi hakdaky bildirişi okadym we Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda geçirilen synaglara gatnaşyp, okuwa girdim.

Teatra bolan söýgim mekdep döwürlerinden has öň başlady. Türkmenlerde şeýle bir söz bar: “Zehin ejeden geçýär” diýilýär. Meniň ejem Ogulheseliň mahmal sesi bardy. Ol ýaş wagtymyz bize goşgy, rowaýat, erteki aýdyp berýärdi. Şol ejemiň aýdan goşgulary, rowaýatlary, ertekileri gulagymyzda galypdyr. Ejem şeýlebir hüwdi aýdýardy, duran ýeriňde uka gidiberýärdiň. Biz 11 dogandyk, menem ejem we kakamyň iň ilkinji çagasydym. Şeýdibem, meniň häzirki sesim maňa ejemden geçen bolmaly. Galyberse-de, türkmen teatrynyň ilkinji düýbüni tutujy, Türkmenistanyň halk artisti Galpak Kerräýew meniň daýym bolýar.

Zehin adama ylahydan berilýär diýilýär. Ýöne, zehin adamda 1% bolsa, 99%-i zähmet diýilýär. Sebäbi, adama 1% zehin berilse, galan 99%-ini zähmet çekip, işläp almaly. Şeýdibem, men teatr ugruna öz-özünden aralaşdym gidiberdim. Meniň synpdaşlarymam meniň gürleýşimiň, goşgy okaýşymyň artiste meňzeşdigini maňa ýaňzydýardylar. Men mekdepde basnýalary okanymda her basnýadaky jandaryň keşbine girip, ony okaýardym. Şeýdibem, teatra aralaşanymy özümem duýman galdym.

-Teatrda ilkinji janlandyran keşpleriňiz hakda durup geçäýseňiz…

Meniň teatrda ilkinji ýerine ýetiren keşbim Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrowyň Ýaş tomaşaçylar teatrynda goýan “Suwulgan” atly oýnunda Hargulagyň keşbi boldy. Mundan başga-da, “Aman daýy” atly oýunda Alakanyň keşbini janlandyrdym. Men, umuman ýaşlygymda ýa biriniň jigisi, ýa biriniň körpe ogly ýaly keşplerde oýnadym. Ýöne, meniň esasy ýerine ýetiren keşbim Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda Türkmenistanyň halk artisti Baýram Seýdullaýewiň sahnada goýmagynda, Nobatguly Rejebowyň sahna eserini ýazmagynda goýlan “Gedaý bagşy” atly oýunda Gedaý bagşynyň oglunyň keşbi ilkinji uly keşp boldy. Bu keşbi 1988-nji ýyl töweregi ýerine ýetirdim.

-Siz teatrda oýun oýnamakdan başga-da teleýaýlymda “Siziň üçin körpeler” atly gepleşigi hem alyp barýarsyňyz. Siziň üçin çagalar bilen işleşmek kynmy ýa-da ulular bilen?

Elbetde, çagalar bilen işleşmek kyn. Ulular ähli zada düşünýär. Ýöne, çagalar bilen işleşmek lezzetli. Olaryň öz dünýäsi bar. Olaryň dünýäsi biziňkä meňzemeýär. Olaryň dünýäsi aýratyn başgaça. Olary hiç wagt aldap bolmaýar. Olar seniň bahanaňa düşünenok. Çagalaryň kalbyna, ýüregine aralaşmak üçin olaryň edil özi ýaly bolmaly. Özüňizem bilýänsiňiz, eziz Arkadagymyz çagalar üçin ak mekdepleri, çagalar baglaryny gurup berende, olaryň açylyşyna baranda çagalar bilen görüşýär. Şonda biz hormatly Prezidentimizden çagalar bilen nähili gürleşmelidigini, olaryň nähili dilini tapmalydygyny öwrenýäris. Sebäbi, hormatly Arkadagymyz çagajyklary dyzynda oturdyp, olar bilen söhbetdeş bolýar. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň mähri şol çagajyklaryň ýüregine siňýär. Diýmek, hiç wagt çaganyň üstünden seretmeli däl. Çaga depesinden seredýäni halamaýar. Şonuň üçinem, özüňizem görýänsiňiz, men teleýaýlymda “Siziň üçin körpeler” gepleşigini alyp baranymda ýa olaryň gapdalynda oturýaryn, ýa dyza çökýärin, ýa egilýärin. Bizem, ine, şu zatlary hormatly Halypamyzdan görelde alýarys. Men şol gepleşigi ýazanymyzda ýadamaýaryn. Çünki şol gepleşigi ýazmaga höwes edýärin, çagalar bilen bile bolmakdan lezzet alýaryn.

-Siz teatryň beýleki görnüşlerinde hem janlandyran keşpleriňiz barmy?

Bilýän bolsaňyz gerek, men “Watan” radioýaýlymynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowa bilen “Edebi çemen” atly gepleşigi hem alyp barýaryn. Şonda adamlar biziň ýüzümizi görmeýärler. Şonda pajygaly, gynançly keşpleri ýerine ýetirip bolýar. Şonda şol oýny diňläp oturan adamlar size ynanýar. Ýöne, sen sahna çykanyňda ýa-da teleýaýlymda görünýäň weli, adamlaryň aňynda gülki döreýär. Käbir artistleriň sesinde gülki bar, gülki olaryň sesine siňen. Ine, mende-de şonuň ýaly. Bir gezek men Alp Arslan adyndaky milli sazly drama teatrynda işleýärkäm Goçmyrat Bekiýewiň “Deňiz guşum” atly oýunda Genjim atly adamyň keşbini ýerine ýetirdim. Ol baý, ol zat satyp, söwdagärlik, telekeçilik bilen meşgullanýar. Şonda onuň gynanýan ýeri bar. Oýunda onuň daýzasy ýogalýar, onam oňa habar edýärler. Men şonda ol habara gynanyp, gözümden ýaş döküp, perýat edip aglaýaryn weli, oýna tomaşa edip oturan tomaşaçylar meniň bolşuma gülýärler. Men aglaýaryn, olar gülýär. Olar şonda oýundaky Genjimi görenoklar-da, teleýaýlymda ylgap ýören tahýalyja Aşyr dädäni göz öňüne getirip gülýärler. Ine, gör, adamyň aňynda şonuň ýaly zatlar galýan eken. Sen nähili gynançly keşbi döredäý, daşky sypatyňy üýtgedäý, barybir, şol degişmelerde oýnaýan Aşyr däde bolup galýan ekeniň.

-Söhbetdeşligimiziň başynda siz daşary ýurtda, Leningradda okadym diýdiňiz-dä. Siz daşary ýurduň hem teatr ulgamyny gören kişi hökmünde, biziň ýurdumyzda teatra berilýän üns bilen daşary ýurtda teatra berilýän ünsüň arasynda nähili tapawut bar?

Ilki bilen bulary birleşdirýän zat sungat. Dünýäniň haýsy künjeginde bolsa-da, adamlary diňe sungat birleşdirýär. Hemme ýerde biz sungata gulluk edýäris. Men köp ýurtlara gidip, ol ýerdäki teatra berilýän ünsi gördüm. Biziň ýurdumyzda teatra berilýän üns üýtgeşik. Biziň ýurdumyzda gurlan teatr binalarynyň özüni alyp görseňem daşary ýurtlardaky teatra berilýän üns bilen biziň ýurdumyzda teatra berilýän ünsüň arasynda nähili uly tapawudynyň bardygyny görüp bolýar. Biziň ýurdumyzda gurlan teatrlarda artistler üçin ähli amatlyklar bar. Sahna keşp döredilende maddy tarapdan hormatly Arkadagymyz bize kömek berýär. Hormatly Prezidentimiz sahna artistini hiç wagt ünsden sowanok. Sebäbi, biz sungat adamlary halkymyza ruhy lezzet berýäris. Durmuşdan ruhy lezzet alan adamam işe, durmuşa ukyply bolýar, elmydama öňdebaryjy bolýar. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz bize goltgy, hemaýat berip, bizi ünsden düşürmeýär. Şonuň üçinem biziň howandarymyz, arkadagymyz biziň Gahryman Prezidentimiz. Biziň ýurdumyzda gurlan kaşaň binalarda keşp döretmegiň özem üýtgeşik. Şonuň üçin biz elmydama Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok.

-Halk arasynda şeýle düşünje bar: Artist bolsaň, sen ählitaraplaýyn bolmaly. Komediýanam, tragediýanam, dramanam oýnap bilmeli. Siz bu düşünjä nähili garaýarsyňyz?

Men ol düşünjä biraz başgarak garaýaryn. Teatrda “ampua” diýlen zat bar. Her aktýoryň özüniň ugry bar. Bilýänsiňiz, dünýäde birnäçe degişmeçi (komik) artistler bar. Şolaryň köpüsi tragediýa, drama ýykgyn eden adamlar däl. Olaryň dünýäsi, pikiri başga. Ýöne, degişme oýunlarda oýnan artist tragediýany oýnap bilmese-de, dramany oýnap biler. Drama aktýory komediýany oýnap biler. Ýöne, tragediýany oýnamak başga zatlary talap edýär. Bularyň üçüsinem bile alyp gitmek artist üçin kynrak bolýar. Şonuň üçin her kimiň öz ýoly, öz ampuasy bar. Artist aýdymçy, tansçy bolup biler, goşgyny gowy okap biler. Ýöne, komediýa bilen tragediýanyň arasy uçurym ýaly. Olaryň hersiniň ýoly başga bolýar. Komediýa – bu halkyň arasyndan çykan görnüş, tragediýa bolsa, şäher adamlaryndan çykan görnüş. Munuň asly greklerde hem şeýle bolupdyr, tragediýany şäher adamlary görüpdirler, komediýany oba halky görüpdir. Şonuň üçin men tragediýadaky adam komediýany oýnasa kabul edip biljek däl. Çünki her artistiň başarýan öz ugry bar.

-Bilşimiz ýaly, siz halk arasynda Aşyr däde hökmünde tanalýarsyňyz. Siz halkyň arasyna çykanyňyzda halkyň sizi tanap, siziň bilen ýakyndan gyzyklananlarynda nähili duýgulary başdan geçirýärsiňiz?

Adamda şöhrat diýlen zat bar. Adama şöhradyň gelenini şol adam bilmese gowy. Eger ol bilse, ol eýýäm şöhrada ylgadygy bolýar. Dogrymy aýtsam, menem maňa gelen şöhrady bilmedim. Şu derejä ýetip, meni bütin halk meni Aşyr däde diýip tanar öýtmedim. Men diňe teatrda aktýor bolaryn öýtdüm. Halk arasynda meşhurlyk gazanmak üçin şu wagtky ajaýyp döwür gerek, tomaşaçy gerek. indi, soragyňa dolansak. Halkyň meni tanap, meniň bilen gyzyklanmasy, meniň bilen surata düşmek isleýşi meni begendirýär. Sebäbi, saňa surata düşeli diýýän adamlar, seniň bilen gyzyklanýan adamlar saňa Aşyr däde diýýär ahyry. Indi göz öňüňe getirip gör, meni dünýäniň islendik şäherinde goý. Ol ýerde kim tanaýar meni?! Meni tanaýan türkmen ilim. Onsoň men näme üçin olar bilen surata düşmäýin?! Näme üçin olar bilen gürleşmäýin?! Näme üçin olara wagtymy sarp etmäýin?! Sebäbi şolar maňa Aşyr däde diýýär. Şonuň üçin men halkymy, tomaşaçylarymy şeýle gowy görýärin. Şolar meniň esasy maslahatçym, bize el çarpyp, bize baha berýän şolar. Şonuň üçin olar näme diýse men razy. Özüňem bilýänsiň, meniň telefonym ýigrimi dört sagat açyk durandyr. Käwagt körpeler jaň edýärler. Men şolara islendik wagt jogap berýärin.

-“Süri agsaksyz bolmaz” diýilýär. Käbir şöhratparaz, badyhowa artistlere nähili garaýarsyňyz?

Olar uzak gitmeýärler. Bagyň miwesi näçe köp bolsa, onuň başy şonça aşak bolýar diýilýär. Adamyňam içki dünýäsi näçe baý boldugyça, aň derejesi näçe çuň boldugyça, onuňam başy şonça aşak bolýar. Ol adam agras bolýar. Eger adam näçe badyhowa bolup, burnuny ýokary galdyryp ýören bolsa, onuň miwesiniň ýoklugydyr. Sebäbi ýeňil adamlar mydama ýele galgap ýören bolýarlar. Muňa mysal edip halypalary alyp göräýeli. Islendik halypany ýolda-yzda görseň, agras ýöräp barýandyr. Bu şolarda miwe bardygyny aňladýar. Miwe bolanda-da adam agras bolýar. Men olara şeýle garaýaryn. Sungat adamsy, döredijilik adamsy men-menlik etse gowy däl.

-Sahnadaky Aşyr däde bilen durmuşdaky Aşyr dädäniň arasynda nähili tapawut bar?

Sahnadaky Aşyr däde belli bir kanuna boýun bolýar. Meniň sahnada aýtmaly we aýtmaly däl sözlerim, etmeli we etmeli däl hereketlerim bar. Öýe baranymda bolsa, bu zatlar meniň boýnumdan aýrylýar we men ýönekeý Aşyr däde bolýaryn. Men öýüň kanuny bilen bolýaryn. Öýde agtyklarym bilen çaga ýaly bolup oýun oýnaýaryn.

-Näme üçin teatr durmuşda beýle möhüm?

Teatr durmuşyň aýnasy diýilýär. Her kim teatra dynç almaga gelýär. Her kim iş bilen meşgullanýar, zähmet çekýär. Adamlar işden soň medeniýetli dynç almaga gelýärler. Bir söz bilen aýdanyňda, teatr – bu tomaşa, şatlyk-şowhun. Şonuň üçin teatr durmuşda örän möhüm. Gurbannazar Ezizowyň şeýlebir ajaýyp sözi bar: “Adamlary güýmeýänler şahyr däl, adamlary özgerdýänler şahyr”. Teatr adamlary güýmemeli däl, adamlary özgertmeli. Şu ýere gelen adamlar birzatlar alyp gitmeli. Teatr adamyň kalbyny gozgalaňa salmaly. Adamlar spektakly görüp, pikir etmeli. Teatrdaky aktýorlar, döredijilik adamlary durmuşda özüni alyp barşy bilen işde, ýolda-yzda halka görelde bolmaly. Şonuň üçin teatr sungatyň ojagy. Teatra gelen käbir adamlar özüni şu ýerden tapýar. Şol sebäpli hem teatr durmuşyň aýnasy.

-Teatryň halkyň arasynda ähmiýet gazanmagynda artistiň orny nähili?

­-Artistiň orny iki esse möhüm. Dramaturg sahnaň edebi esasyny ýazýar, şol edebi esasy artist janlandyrýar. Sahnaň açary artistde. Teatr diýlende ilkinji nobatda artist göz öňüne gelýär. Artist bolmasa, teatr bolmaýar, teatr bolmasa, artist bolmaýar. Şonuň üçin artist esasy ýerde durýar.

-Durmuşda adamy güldürmek aglatmakdan kyn. Siz bu pikire nähili garaýarsyňyz?

Gaty dogry pikir. Çünki adam bir gynançly zat görende, oňa gynanýar. Ýöne, gülkünçli zat görende, oňa gülmese, onda ol gaharlanýar. Adam gynananda gaharlanmaýar, emma gülküli zada gülmese gaharlanýar. Artist adamy güldürip bilenokmy, onda ol artist däl. Munda adamlary güldürmegiň öz ýoluny tapmaly. Ol ýol hem örän çarkandakly ýol. Tejribäň köp bolmasa, ol ýola hötde gelip bilmeýärsiň. Güldürjek bolýan zadyňa ilki özüň gülmeli, soňra tomaşaçy hem oňa güler. Sen şol zatdan lezzet alyp gülmeseň, tomaşaçy hem ondan lezzet alyp gülmez.

-Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde teatr ahlagy barada durup geçäýseňiz..

Teatryň öz medeniýeti, kada-kanunlary bar. Aslynda teatra metjit diýýärler. Teatra gireniňde sende ökjeli köwüş bolsun ýa-da bolmasyn, gaty asuda girmeli. Onsoňam çem gelen ýerde oturmaly diýlen zat ýok. Ýene bir zat, tomaşaçylar gelende, oýun başlajak bolanda çyralar söndürilýär. Näme üçin edilýär şolar? Ol oýna tomaşa etmäge gelen adamlar biri-birini görüp, oýundan ünsi sowulmasyn diýlip edilýär. Ine, şu hem teatryň kada-kanuna, ahlagyna degişli.

 

-Teatr siziň durmuşyňyzda nähili orun eýeleýär?

Teatr meniň durmuşymyň deň ýarysy. Men teatrsyz ýaşap bilmeýärin. Men şu dünýä ýene gelsem ýene artistlik kärini saýlardym. Men teatrda özümi tapdym, teatrda uly üstünlikler gazandym, teatrda köp halypalary görüp (Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllikow, Baýram Seýdullaýew, Kakajan Aşyrow ýaly halypalar bilen bile işledim), olary özüme görelde aldym. Şonuň üçin teatr meň durmuşymyň manysy, özeni.

-Söhbetdeşligimizi siziň arzuw-umytlaryňyz bilen jemläýsek

Ýaňky söhbetdeşligimiziň başynda diýşim ýaly, her zadyň öz wagty, öz döwri bar. Ine, häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri biziň işleýän döwrümize gabat geldi. Häzirki döwürde işlemäge, döretmäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikler bar. Gahryman Arkadagymyz biziň işlerimize ýokary baha berip, döwlet sylaglaryny, Şa serpaýyny ýapýar. Şonuň üçin ähli teatr işgärleriniň adyndan, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň adyndan köp sag bolsunlarymy aýdýarys. Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip, bize uly üns berýän, bize howandarlyk edýän Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşlarymyzyň çägi ýok. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolmagyny, belent başynyň aman bolup, her bir tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini, gadamynyň batly bolmagyny, her gününiň şöhrata beslenmegini tüýs ýüregimden arzuw edýärin! Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi, ähli kärdeşlerimi we medeniýet adamlaryny hünär baýramymyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

-Arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Bize wagt aýryp beren söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň! Bizem siziň käriňizde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris! Hünär baýramyňyzam gutly bolsun!

 

         Söhbetdeşligi geçiren Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Türkmenabatdan Moskwa ýörite uçar gatnawy

 

Türkmenistan Hytaýdaky raýatlarymyzy alyp geler

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Kubaly türgen Mihain Lopes Nunýes 4-nji gezek Olimpiýa çempiony boldy. Grek-rim göreşi boýunça ökde türgen Mihain Lopes bu ugurda russýaly türgen Aleksandr Kareliniň rekordyny täzeledi. Karelinde 3 altyn medal bar. Kubaly göreşçi Lopes Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 130 kilogram agramda çykyş edip, final tutluşygynda gruziýaly türgen Ýakob Kajaýyny ýeňip, özüniň 4-nji Olimpiýa çempionlygyny, ýurdunyň bolsa bu oýunlardaky 2-nji altyn medalyny gazandy. Bu...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama seredilendigi barada hasabat berdi. 48...
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulag-logistika ylmy merkezi 2021-2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça okuwa KABUL EDÝÄR Kompýuter sowatlylygy: I dereje (Microsoft Office programmalary) — 3 aý; II dereje (Adobe Photoshop, GorelDRAW) — 3 aý; III dereje (AutoCAD) — 3 aý; IV dereje (Programmirleme) — 3 aý. Rus dili: başlangyç dereje — 4 aý; orta dereje — 4 aý. Iňlis dili: başlangyç dereje...
Şu ýylyň 23-nji oýulynda badalga alan tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň ýeňil atletika ugry boýunça ýaryşlar dowam edýär. Bu ýerde ylgamak, uzak aralyga bökmek, ýokarlygyna bökmek, syrykly bökmek, disK zyňmak ýaly ugurlarda ýaryşlar geçirilip, täze rekordlar gazanylýar. NORWEGIÝALY TÜRGENDEN DÜNÝÄ REKORDY Norwegiýanyň türgeni Karsten Warholm 400 metr aralygy päsgelçilikli bökmek ýaryşynda altyn medal gazanyp, dünýä rekordyny goýdy. Ol bu aralygy 45,94 sekuntda geçmegi...
Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň barşynda S.Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýokary döwlet derejesindäki ygtybarly syýasy gepleşikler esasynda ilerledilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň, hususan-da, söwda-ykdysady pudagynyň häzirki...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
859FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar