BIZNES

Aşgabat-Tähran söwda merkezi döretmek teklip edilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdan we söwda ministrliginde gepleşikler geçirdi. Bu barada Eýranyň metbugatynda bellenilip geçilýär.

Duşuşykda iki ýurduň telekeçilerine söwda gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek üçin goldaw bermek, bir ýyllyk hyzmatdaşlyk üçin “ýol kartasyny” düzümek babatda işçi toparyny döretmek, Tähran-Aşgabat söwda merkezini döretmek babatda pikir alyşmalar boldy.

Şeýle hem taraplar serhetýaka bazarlary, sergileri guramak hem-de işewürlik gatnaşyklaryny gaýtadan dikeltmek boýunça degişli meseleleri maslahatlaşdylar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranda resmi dabara bilen garşylandy

Related posts

<>barada käbir sowallaryň jogaby

vepa

Enerji Şartı Konferansı Başkanlığında Bir Dizi Etkinlikler Yapılacak

vepa

2021-nji ýyldaky Dünýä ykdysady maslahaty Singapurda geçiriler