DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranda resmi dabara bilen garşylandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary başlandy. Şu gün irden Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäheriniň demirgazygyndaky taryhy Saadabad köşgünde resmi dabara geçirildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow üçin resmi dabara gurnady.

Mälim bolşy ýaly, düýn Türkmenistanyň Prezidenti 2 günlük resmi sapar bilen Eýrana barypdy.

Tähranda geçiriljek iň ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Eýranyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirendiklerini bellemek gerek.

 

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Eýrana bardy

Ýene-de okaň

“Arçabil” myhmanhanasynda halkara media forumy geçirildi

Türkmenistanyň goraghanalary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

1301 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi

Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar

Merkezi Aziýa-Ýaponiýa sammitini geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan-BAE: energetika pudagynda daşky gurşawy goramak