TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky uçar gatnawy

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda berilýän maglumata görä, şu ýylyň 14-nji aprelinde Aşgabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň amala aşyrjak bu gatnawy sagat 10:00-da ýerine ýetiriler.
Bu gatnaw üçin biletleriň satuwy 12-nji aprelde sagat 10:00-da awiakompaniýanyň Aşgabat şäherindäki edarasynda (Oguzhan köçesi 211-nji bina) satylyp başlandy.
Biletiň bahasy 600 dollar bolup, ýolagçylar töleg baradaky maglumatlary awiakompoaniýanyň edarasyndan sorap, öwrenip bilerler.
Russiýa barýan daşary ýurt raýatlarynyň hökmany suratda ýanynda 48 sagatlyk PSR-test barlagynyň negatiw netijenamasy bolmalydyr.
Russiýa barýan ahyrky nokadyňyz Moskwa şäheri däl bolsa, onda Russiýa boýunça üstaşyr biletleri satyn almak üçin “S7” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan satyn alyp bolar. (A.Nyýazow şaýolynyň 174-nji jaýy, tel.: +993 12 21-05-93 / +993 64 03-37-03).
Şu gün habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem şu ýylyň 22-nji aprelinde Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirilýär.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Ýene-de okaň

“Green Card” 2024: Resminamalary kabul edişlik başlady

Baş Redaktor

Aşgabat-Stambul-Türkmenbaşy ugruna ilkinji adaty uçar gatnawy amala aşyrylýar

Baş Redaktor

Aşgabat-Stambul we Aşgabat-Minsk ugry boýunça biletiň bahalary

Teswirle