TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Minsk ugry boýunça uçar gatnawy meýilleşdirilýär

IATA halkara kadalaryna laýyklykda, uçar gatnawlarynda tomusky möwsüm mart aýynyň ahyrynda başlanýar we oktýabr aýynyň soňky şenbe gününde tamamlanýar. 2022-nji ýylda bu günler 27-nji mart bilen 29-njy oktýabr aralygyny gurşap alýar.

Gyşky möwsümden tomusky möwsüme geçilýän döwründe awiakompaniýalar özleriniň uçar gatnawlarynyň ugurlaryny artdyrýarlar. Täze möwsümde Belarus Respublikasynyň Minsk şäheriniň milli aeroportunyň saýtynda ýerleşdirilen tertipnamada Türkmenistan bilen Belarusyň paýtagtlarynyň arasynda hem yzygiderli gatnawlaryň ýerine ýetirilmegi meýilleşdiripdir. Bu barada “orient.tm” internet neşirinde hem bellenilip geçilýär.

Şol tertipnama laýyklykda, 9-njy aprelden “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan Aşgabat-Minsk ugry boýunça hepdede bir gezek, şenbe günleri uçar gatnawlaryň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Şeýle hem 19-njy aprelden Belarusyň “Belawia” awiakompaniýasy şol ugur boýunça hepdede bir gezek sişenbe günleri uçar gatnawyny ýerine ýetirmegi göz öňünde tutulýa.

Belarusyň awiakompaniýasynyň metbugat gullugy häzirki döwürde halkara uçar gatnawlary bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň üýtgäp durýandygy sebäpli täze möwsümdäki uçar tertipnamasynyň hem üptgäp biljekdigi bellenilýär.

Şeýle hem Tatarystanyň Kazan şäheriniň howa menziliniň tomusky tertipnamasynda aprel aýynda Aşgabada uçar gatnawlary göz öňünde tutulypdyr.

Aşgabat-Minsk ugry boýunça gatnawlar barada “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan hiç hili maglumat berilmeýär.

 

Aşgabat-Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça uçar gatnawy amala aşyryldy

 

Ýene-de okaň

Stambulda Biometrik pasportlaryň möhletiniň uzadylmagy dowam edýärmi?

Baş Redaktor

Lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlary ýola goýlar

Ata Watan Eserleri

Teswirle