JEMGYÝET

Aşgabat-Kazan adaty halkara uçar gatnawy amala aşyryldy

Iki ýyldan gowrak wagtdan soň, Aşgabat-Kazan aralygyna gaýtadan dikeldilen ugur boýunça howa arkaly ýolagçy gatnawy amala aşyryldy, munuň şeýledigine Kazanyň howa menziliniň onlaýn-tablosyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Boing 737-82K uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden 1-nji iýunda 15:07-de ugrady we Kazanyň Halkara howa menzilinde ýerli wagt bilen 16:18-de gondy. Ýoldaky wagt 3 sagat 11 minut boldy.

Uçuşlar her hepdäniň çarşenbe güni ýerine ýetiriler. Şeýle hem Türkmenistan BAE-i bilen howa arkaly ýolagçy gatnawyny gaýtadan ýola goýdy.

 

Aşgabat-Köneürgenç ugry boýunça zyýarat otlusy guralýar

Related posts

“Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” Amerikada neşir edildi we “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Germaniýada saparda bolarlar

Türkmen takımları, AFC Kupası’nda ilk maçlarını oynadı

vepa