TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Aşgabat halkara forumlara gatnaşýan myhmanlary garşylaýar

Mälim bolşy ýaly, 12-13-nji maýda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy we zenanlaryň dialogy geçiriler. Bu iri halkara forumlara gatnaşýan daşary ýurtly wekiliýetleriň agzalary şu gün paýtagtymyza gelip başladylar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Aşgabat Halkara howa menzilinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentleriniň palatalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň Baş sekretarynyň hem-de beýleki myhmanlaryň garşylanmagy üçin ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edildi. Myhmanlaryň milli däp-dessurlarymyza laýyklykda garşylanmagy, köçeleriň ugrunda forumlara gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň, dürli dillerdäki ýazgylardyr bezegli diwarlyklaryň bolmagy halkymyzyň myhmansöýerlik ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň nyşanyna öwrülýär.

«Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilmegi meýilleşdirilýän Parlamentara forum we zenanlaryň dialogy däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Aşgabat şäherindäki «Oguzkent» myhmanhanasynda ýerleşýän wekiliýet agzalary şu gün günüň ikinji ýarymynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda görkeziljek «Ömür daragty» atly sahna oýnuna tomaşa ederler.

Häzirki wagtda myhmanlaryň gelmegi dowam edýär.

 

Türkmenistan Brýusseldäki ýokary derejeli duşuşyga gatnaşar

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Teswirle