SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Dubaý ilkinji uçar gatnawy haçan?

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinden Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine adaty uçar gatnawlary başlaýar. Aşgabat-Dubaý ugry boýunça ilkinji halkara uçar gatnawy 2022-nji ýylyň 30-njy maýynda sagat 12:20-de ýerine ýetiriler.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyryljak bu ilkinji gatnaw Aşgabadyň halkara howa menzilinden ýerine ýetiriler. Bu gatnaw üçin awiapetekler hem satylyp başlandy.

Mälim bolşy ýaly, ozal hem berlen maglumatlara laýyklykda, Türkmenistan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýagdaýlary seljerip, halkara howa gatnawlaryny tapgyrlaýyn ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Şonuň esasynda ilkinji nobatda, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Düýn “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi internet sahypasynda halkara uçar gatnawlaryndan peýdalanmak isleýänler üçin talap edilýän düzgünler hem neşir edildi. Şol habary hem size düýn saýtymyzda ýetiripdik.

 

COVID-19 bilen bagly halkara gatnawlarynyň ýolagçylary üçin çäklendirmeler

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy

Özbegistan ABŞ bilen wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek boýunça gepleşikleri alyp barýar

Türkiýe : Syýahatçylyk wizasy üçin zerur resminamalar