TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

COVID-19 bilen bagly halkara gatnawlarynyň ýolagçylary üçin çäklendirmeler

COVID-19 bilen bagly halkara gatnawlarynyň ýolagçylary üçin çäklendirmeler barada “turkmenistanairlines.tm” saýtynda habar berilýär. 

  1. COVID-19 bilen bagly halkara uçuşlar ýerine ýetirilen wagty ýolagçylara bildirilýän talaplar

“Türkmenistan” Awiakompaniýasy Açyk Görnüşli Paýdarlar Jemgyýeti ähli maglumatlary yzygiderli taýýarlaýar we onuň üstüni dolýar, çap edilen pursatynda bu maglumat ýokary derejedäki ygtybarlyga eýedir. Muňa garamazdan ýurtlaryň COVID-19 koronawirus ýokanjy bilen bagly çäklendirme çäreleriniň häsiýetiniň üýtgeýäp durýandygy sebäpli awiakompaniýa berlen maglumatyň takyklygyny doly kepillendirip bilmeýär we netijede onuň aktuallygy, dogrulygy, dolulygy ýa-da hili babatda jogapkärçilik çekip bilmeýär.

Şol bir wagtda, Awiakompaniýa öňünden habar bermezden islendik wagt maglumaty düzetmek hukugyny özünde galdyrýar. Awiakompaniýa hoşamaýlyk bilen degişlilikde özge ýurtlaryň we halkara guramalaryň maglumat almak üçin niýetlenen web-saýtlaryň elektron salgylary bilen paýlaşýar we görkezilen çeşmelerde ýerleşdirilen maglumat babatda jogapkärçilik çekmeýär.

COVID-19 koronawirus ýokanjy bilen bagly hereket edýän çäklendirmeler döwründe barmaly ýurdunyň talaplaryna laýyk gelýän resminamalaryň (COVID-19 barlagynyň netijeleri, doldurylan anketalar, saglyk kepilnamalary, dürli görnüşler we formulýarlar, şeýle hem beýleki hökmany resminamalar) bolmadyk ýa-da talabalaýyk resmileşdirilmedik halatynda, Awiakompaniýa ýolagçyny howa gämisiniň bortuna kabul etmeklikden ýüz öwürmäge hukugy bar.

COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler bilen baglylykda daşary ýurtlaryň aglaba bölegi raýatlaryň dürli derejeleri üçin öz ýurtlarynyň çägine girmek we üstaşyr geçmek babatda çäklendirmeleri, şeýle hem lukmançylyk we karantin häsiýetli birnäçe talaplary girizdi. Türkmenistandan gidýän ýa-da gelýän ýolagçylar barýan ýurtlarynyň düzgünleri bilen öňünden hökmany ýagdaýda tanyşmalydyrlar. Karantin döwri (möhleti), her bir ýurduň döwlet talaplaryna görä bellenilýär.

   2. Ýurtlara barmak üçin bu ýurtlaryň epidemiologiýa talaplary boýunça giňişleýin maglumaty görkezilen elektron salgylarynda tapyp bilersiňiz:

 https://www.iatatravelcentre.com/world.php

www.saglykhm.gov.tm

    3. Elektron salgysyny ulanmak üçin görkezme

Halkara gatnawlar bilen uçuşlary meýilleşdirýän raýatlaryň dykgatyna!

Her bir raýat gitmegi meýilleşdirýän ýurtlar tarapyndan kabul edilen epidemiologiki talaplaryna laýyklykda hereket etmelidirler. Daşary ýurtlarynyň raýatlar üçin epidemiologiki talaplary boýunça maglumatlary görkezilen elektron salgysynda tapyp bilersiňiz. https://www.iatatravelcentre.com/

Ýokarda agzalan salgynyň ulanyş düzgünleri bilen tanyş boluň:

1) Agzalan salga girilenden soň, boş äpişgejikleri dolduryň we “submit” diýlip görkezilen ýerine basyň!

   

2) Dünýä kartasyndan gitmek isleýän ýurduňyzy (tapyp) saýlap, üstüne basmaly

(Mysal hökminde Birleşen Arap Emirlikleri)

3) Dünýä kartasyndan saýlan ýurduňyzyň epidemiologiki talaplary boýunça maglumatlary şu ýerde görüp bilersiňiz.

Hormatly raýatlar gitmägi meýilleşdirýän ýurtlaryňyzyň epidemiologiki talaplary bilen tanyşmagy unutmaň!

Epidemiologiki talaplar bilen tanyşylmanlygy we ýerine ýetirilmänligi sebäpli baran ýurduňyz tarapyndan kabul edilmedik ýagdaýyňyzda Türkmenistan awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň jogap çekmeýändigi barada size habar berýäris.

    4. Türkmenistana gelýän we üstaşyr geçýän halkara gatnawlarynyň ýolagçylary üçin COVID-19 bilen bagly çäklendirmeler

Howa menziline geleninden soňra ýolagçy bellige alynmazyndan ozal, indikileri ýerine ýetirmäge borçludyr:

– COVID-19 ýokanjynyň ýokdugy baradaky türkmen ýa-da rus we iňlis dilindäki kepilnamasyny bermeli (uçuşdan öň 48 sagatdan köp geçmedik wagtda berlen) hem-de COVID-19-a garşy öňüni alyş sanjymynyň geçirilendigini tassyklaýan resminamasy.

Bellik: Bu barlagyň bolmadyk ýagdaýynda, ýolagçy HG-niň bortuna mündürilmeýär.

– COVID-19 bilen baglylykda ýolagçynyň ýerleşýän ýeri we saglyk ýagdaýy baradaky resmi kagyzynyň görnüşini (forma) doldurmaly (COVID-19 ýokanjy bilen baglylykda ýolagçynyň saglyk ýagdaýy we ýerleşýän ýeri barada forma). Bu resmi kagyzynyň görnüşi (forma) howa gämisine münülmezinden ozal, howa menziliniň terminalynyň bellige alnyş nokadynda berilýär we ýolagçy tarapyndan 2 (iki) nusgada doldurylýar. Şeýle hem bu resmi kagyzynyň görnüşini (forma) şu ýerde ýükläp bilersiňiz. Ýüklemek

– howa menziliniň terminalynda we uçuşyň dowamynda HG-niň içinde lukmançylyk agyz-burun örtügini dakmaly (demgysma howpy zerarly 5 ýaşa çenli çagalar agyz-burun örtügini ulanmaly däldir). Agyz-burun örtüklerini her 2 sagatdan çalyşmak maslahat berilýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ Sizden ýokarda görkezilen maglumaty nazara almagyňyzy haýyş edýär we ýagdaýymyza düşünýändigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýär.

Ýene-de okaň

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Teswirle