JEMGYÝET

Aşgabadyň şäheriniň gününde doglan bäbeklere sowgatlar gowşurylar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyny guramaçylyk hem-de ýokary derejede geçirmek babatda degişli Karara gol çekildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen hökümet topary düzüldi we geçiriljek çäreleriň hem-de dabaralaryň meýilnamasy tassyklandy.

Hormatly Prezidentimiz Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyny uly guramaçylyk derejesinde belläp geçmek babatda degişli ýolbaşçylara tabşyryklar berdi.

Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň gününde, ýagny 25-nji maýda paýtagtymyzdaky awtobus gatnawlarynyň mugt  bolmalydygyny belläp, şol gün dünýä inen ýaş bäbekler üçin hem olaryň durmuşynda hem ýatdan çykmajak wakalar beslenmelidigini belledi.

25-nji maýda dünýä inen ilkinji bäbege oglan bolsa Paýtagt, gyz bolsa Merjen ýa-da Maýa diýen atlaryň dakylmagynyň örän möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny bellän milli Liderimiz dünýä inen bäbekleriň maşgalalaryna sowgatlaryň gowşurylmagyny belledi.

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri