JEMGYÝET

Aşgabada täze ýolagçy awtobuslary geldi

Ministrler Kabinetiniň mejlisiden soň, milli Liderimiz Hökümet binasynyň daşyna çykdy hem-de töweregi synlap, şenbe güni şäherde paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy we ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işlerini geçirmäge gönükdirilen çäräniň geçiriljekdigini belledi. Şoňa görä-de, şeýle çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde, türkmen halkyna mahsus agzybirlikde we ýokary ruhubelentlikde geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň şanly senesi mynasybetli täze ýolagçy awtobuslaryň gelip gowşandygyny belläp, şolaryň birine wise-premýerler bilen bilelikde mündi.

Täze awtobus ýokary derejeli ilkinji ýolagçylaryny alyp, paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ýola düşdi. Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz şäheriň abadanlaşdyryş işleriniň geçirilişini synlady hem-de meýilleşdirilýän köpçülikleýin arassaçylyk işleriniň alnyp barylmagynyň ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň barha giňeldilýän ýaşyl zolakly toplumlarynda ekilen bag nahallaryna degişli ideg etmegiň zerurdygyny belläp, arassaçylyk işleriniň çäklerinde şol işlere hem möhüm orun berilmelidigini nygtady.

Biraz wagtdan täze ýolagçy awtobusy paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynyň ýanyndaky duralga gelip saklandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de beýleki ýolbaşçylar awtobusdan düşüp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň geçirilýän ýerine bardy.

 

Biržanyň nyrhlar boýunça elektron maglumatlar binýady dörediler

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy