BIZNES

Biržanyň nyrhlar boýunça elektron maglumatlar binýady dörediler

Nyrhlar babatda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň elektron maglumatlar binýadyny döretmek we onuň elýeterliligini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hasabat berildi.

Häzirki wagtda biržanyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, nyrhlaryň elektron maglumatlar binýadyny işläp taýýarlamak boýunça tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Şonuň sahypalarynda birža şertnamalarynyň bellige alnandygy, olaryň seljerilişine, müşderileriň “şahsy iş otaglarynyň” döredilendigine we beýlekilere degişli maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu ýerde bellige alnan daşary ýurt şertnamalarynyň esasynda getirilýän harytlaryň sanawy we bahalary bilen tanyşmak, ýurdumyzda öndürilýän eksport ugurly harytlaryň sanawy we bahalary barada maglumatlary almak bolýar.

Bu maglumatlar birinji tapgyrda ähli gyzyklanýan taraplara elýeterli bolar. Halkara bazarlarda ulanylýan dünýä tejribesine daýanyp, müşderileriň sanynyň hem-de saýtyň hyzmatlaryndan yzygiderli peýdalanylyşynyň artmagy bilen, maglumatlar binýadyny ulanyjylar üçin tölegli esasda elýeterli etmek göz öňünde tutulýar.

Müşderileriň islegine görä, aýry-aýry haryt görnüşleriniň bahalaryny tassyklap bermek, biržada dellallyk ýerlerini açmak, munuň üçin elektron usulda tölegleri üpjün etmek hem-de beýlekiler boýunça hyzmatlary girizmek göz öňünde tutulýar. Nyrhlar babatda biržanyň elektron maglumatlar binýadynyň döredilmegi birža hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişini çaltlandyrmaga, täze müşderileri çekmäge, daşary söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge hem-de üç ýylyň dowamynda maglumatlaryň ählisini saklamaga mümkinçilik berer.

Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gurlar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy

Türkmenistan we Niderlandlar gämi gurluşygyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistanyň serhetüsti ýük dolanşygynyň möçberleri ýokarlandy

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler