BIZNES

“Armani” markasynyň döredilişi

Giorgio Armani mekdebi tamalandan soňra  Italiýanyň Milano uniwersitetiniň lukmançylyk ugrundan okuwa girýär. Suratçy bolmak höwesi döräp, okuwyny taşlaýar. 1957-nji ýylda gulluga gidýär, suratçy bolmak höwesinden wagtlaýynça el çekýär.

Soňra ol  meşhur moda öýlerinde işläp başlaýar.1974-nji ýylda Galeotti bilen bilelikde erkekler üçin niýetlenen egin-eşik kompaniýasyny gurýar. 1975-nji ýyldan gyzlar üçin egin-eşik hem öndürip başlaýarlar. Soňra erkekler, zenanlar üçin içki egin-eşikleri döredip, halkara kompaniýalaryň liderleriniň birine öwrülýär.

Bulardan başga hem Golliwudyň meşhurlaryna ýüzlerçe kinofilmlerde geýmek üçin egin-eşikleri taýýarlap, has uly derejelere ýetýär. Armani egin-eşik dükanlary dünýäniň ençeme döwletine ýaýrap, meşhurlyk gazanmagy başardy.

Wan Goguň täze suraty sergä çykaryldy

 

 

Related posts

Birža täzelikleri: amerikaly işewürler tehniki uglerody satyn aldy

“Türkmengaz” bilen “Botaş” tebigy gaz boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020” atly XXV Halkara maslahaty