Giorgio Armani mekdebi tamalandan soňra Italiýanyň Milano uniwersitetiniň lukmançylyk ugrundan okuwa girýär. Suratçy bolmak höwesi döräp, okuwyny taşlaýar. 1957-nji ýylda gulluga gidýär, suratçy bolmak höwesinden wagtlaýynça el çekýär.
Soňra ol meşhur moda öýlerinde işläp başlaýar.1974-nji ýylda Galeotti bilen bilelikde erkekler üçin niýetlenen egin-eşik kompaniýasyny gurýar. 1975-nji ýyldan gyzlar üçin egin-eşik hem öndürip başlaýarlar. Soňra erkekler, zenanlar üçin içki egin-eşikleri döredip, halkara kompaniýalaryň liderleriniň birine öwrülýär.
Bulardan başga hem Golliwudyň meşhurlaryna ýüzlerçe kinofilmlerde geýmek üçin egin-eşikleri taýýarlap, has uly derejelere ýetýär. Armani egin-eşik dükanlary dünýäniň ençeme döwletine ýaýrap, meşhurlyk gazanmagy başardy.