ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM
Arkadag şäheri-bagtyň eseri
Ýerdäki jennnet sen, söz ýok waspyňa,
Gözelligiň haýran edýär bu seri.
Soňsuz ylham berýär Türkmen nesline,
Arkadag şäheri-bagtyň eseri.
Guwan Türkmen! Arkadagym merdana,
Guwan ilim! Arkadagly Serdara,
Gülki, Şatlyk, bagt paýlar her ýana,
Arkadag şäheri-bagtyň eseri.
Milli Liderimize buýsanýar halkym,
Her bir edýän işi, eseri bagtyň,
Aýdyň gijelere salar nur ýalkym,
Arkadag şäheri-bagtyň eseri.
Görkana görkünden, doýanok gözleň,
Ýürek joş ursa-da, ejizlär sözleň,
Ylham gözbaşy sen, saz bolup düzülen,
Arkadag şäheri-bagtyň eseri.
Galsyn Türkmen ilim, belende galsyn,
Ösüp, üstünlikden mydam ýer alsyn,
Täze ösüşlere dowamat bolsun!
Arkadag şäheri-bagtyň eseri.
Kuwwat Ýazmuhammedow
Dogulan ýerim: Mary welaýat Murgap etrap
Türkmen Döwlet medeniýet institutynda talyby
