TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Apple”: “iPhone 13” telefonyny tanyşdyrdy

Tehnologiýanyň ägirdi hasaplanýan “Apple” kompaniýasy özüniň dünýä meşhur “iPhone” kysymly teleofnlarynyň 4-üsini tanyşdyrdy. Olaryň 2-si –  “iPhone 13” we “iPhone 13 Mini”, ýene-de 2-si bolsa “iPhone 13 Pro” we “iPhone 13 Pro Max”.

4 SANY TÄZE “iPhone” SMARTFONLAR

Soňkusynyň ýady 1 TB-e deň bolup, “Apple” kompaniýasynyň ähli taryhyndaky iň gymmat smartfon boldy.  “Apple”, esasanam kameralaryň, surat we wideo rejeleriniň kämilleşdirilmegine, şeýle hem täze modelleriň batareýalarynyň güýçlendirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Tanyşdyrylyşyň esasy wakasy “iPhone 13” täze smartfonlaryň ugry boldy. “Apple” dört modeli hödürledi. Iki kiçi – “iPhone 13” we “iPhone 13 mini” bäş reňkde (gülgüne, gök, “garaňky gije”, “parlaýan ýyldyz” we gyzyl) bolar. Täze smartfonlar “Apple A15 Bionic” çipi bilen enjamlaşdyryldy. “IPhone 13 mini”-niň batareýasynyň ömri öňki model bilen deňeşdirilende 1,5 sagat, iPhone 13-iň batareýasynyň ömri bolsa 2,5 sagat ýokary bolar.

Kompaniýanyň täze smartfonlarynyň esasy aýratynlygy olaryň kameralarynda boldy. “Apple” kameralar pudagynda ösüş gazandy. Täze önümlerde 3x optiki ýakynlaşdyrma we gije hem surata we wideo düşürmek usuly bolan “Cinema mode” ulgamyny goldaýar we “ProRes” formatynda 4K wideo düşürmek ukybyna eýe bolar. Fokus düşürilenden soň üýtgedilip bilner, sebäbi täze smartfonlar çarçuwanyň çuňlugy barada maglumatlary tygşytlaýar.

“iPhone 13 Pro” 999 dollardan, “iPhone 13 Pro Max” 1099 dollardan ABŞ-da satuwa çykarylar. “iPhone 13 mini” 699 dollardan, “iPhone 13” 799 dollardan ABŞ-da satuwa çykarylar.

Täze telefonlaryň bahalary:
128GB    256GB        521GB    1TB

iPhone 13 Mini               $699       $799         $999            N/A

iPhone 13                      $799       $899          $1,099          N/A

iPhone 13 Pro               $99         $1,099      $1,299      $1,499

iPhone 13 Pro Max       $1,099     $1,199    $1,399       $1,599

 

PLANŞETLERI HEM GYZYKLANMA DÖRETDI

“Apple” kompaniýasy Kupertino merkezinde geçiren güzýki tanyşdyrylyş dabarasynda “iPad 9″ we “iPad mini” planşetlerini hem tanyşdyrdy. Olaryň ilkinjisi has ýuka bolup, “A13 Bionik” çipine eýe boldy. Şeýle çip ozal “iPhone 11” smartfonynda ulanylypdyr. “iPad mini” planşeti bolsa “Liquid Retina” 8,3 dýuýmlyk ekrany hem-de “A15 Bionik” çipi bilen müşderilere hödürlendi. “Apple” kompaniýasynyň bellemegine görä, täze planşetler ozalky planşetlerden 80 göterim has çalt işlejekdigi mälim edildi. Planşetler 24-nji sentýabrda satuwa çykarylar. “iPad mini” planşeti 499 dollardan satuwa çykar. 

AKYLLY SAGADY 

“Apple” kompaniýasy “Apple Watch Series 7” atly täze akylly sagatlaryny hem tanyşdyrdy. Kompaniýa bu modeliň öňki görnüşlerinden has güýçlidigini öňe sürdi. “Apple” -iň başlygy Tim Kukyň aýtmagyna görä, enjam güýzde satuwa çykar, senesi kesgitlenmedi.

 

Täze show gepleşik : Ata Watan Ýyldyzlary

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle