TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Apple”-iň täze önümleri: iň güýçli planşet

Dünýä belli “Apple” kompaniýasy özüniň täze önümlerini halk köpçüligine tanyşdyrdy. Tanyşdyrylyş dabarasynda dürli reňkdäki “iMac”, ýanynda göterilýän telefonlaryň aýratynlyklayrny özünde jemleýän hem-de planşetleriň arasynda iň güýçlisi hasaplanýan  “iPad Pro” hem-de ýiten enjamlary tapmaga kömek edýän “AirTag” atly enjamy köpleriň ünsüni çekdi.

Kaliforniýadaky Kupertino şäherçesinde geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy “Apple” kompaniýasynyň ýazky tanyşdyrylyň çäresi hökmünde bellenilip geçildi.

“Apple” kompaniýasynyň tanyşdyran täze tehnologik enjamlary barada maglumatlar:

“iMAC 2021” KOMPÝUTERI

Täze “iMac” iş stoly örän inçe edilip ýasalypdyr we ol planşete meňzeýär (11.5mm). Enjam 11,3 million piksel bilen 24 dýuýmlyk “Retina 4.5K” displeýine eýedir. Ekranda, otagdaky daşky ýagtylyga esaslanyp reňk temperaturasyny awtomatiki sazlaýan “True Tone” tehnologiýasy peýdalanylýar.

“iPAD PRO 2021” PLANŞETI

“iPad” ilkinji gezek “Thunderbolt” goldawyny alýar we içerki saklaýyş tizligi iki esse ýokarlandy (max 2TB). Dört sesli ses ulgamy daş-töwerekdäki ses üçin jogapkärdir. Şeýle hem täzelik 5G we 12 megapiksel ultra giň burçly kamera eýe boldy.

“AIRTAG” ENJAMY

“Apple” kompaniýasy resmi taýdan ýite zatlary tapmaga kömek edýän enjamyny hödürledi. Ony ýitmek mümkinçiligi bolan açarlara, torbalara, gapjyklara birikdirip bolar.  bu enjamlar ýiten halatynda olaryň ýerini “Find My” goşundysy bilen tapmak bolar.

MÄMIŞI REŇKLI “iPHONE 12”

“iPhone 12” hem-de “iPhone 12 mini” modeliniň mämişi reňklisiniň çykaryljakdygy mälim edildi. Täze reňkli “iPhone 12” modelleriniň 30-njy aprelden satuwa çykaryljakdygy aýdyldy.

Şeýle hem “Apple TV 4K”-nyň bolsa gutusyna täze mikroprosessor oturdylandygy bellenildi. Bu bolsa, ýokary durulygynda HDR wideolaryny görkezip biler. Esasan hem, sport bäsleşikleri has akgynly görkeziler. 32 GB hemişelik ýady bolan “Apple TV” 179 dollardan başlaýan bahalar bilen satuwa hödürlener. 30-njy aprelden başlap, sargyt kabul edilip başlanjak “Apple TV”-ler maý aýynyň ikinji ýarymynda müşderilere ýetiriler.

 

Aşgabadyň myhmanhanalary we salgylary

Ýene-de okaň

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Ilkinji türkmen antiwirusy tanyşdyryldy

Teswirle