JEMGYÝET

Änewde täze metjidiň gurluşygyna badalga berildi

Şu gün — 24-nji iýunda Änew şäherinde täze metjidiň we onuň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýyň gurluşygyna badalga berildi. Şu mynasybetli geçirilen dabara welaýatymyzyň ähli ýerinden il sylagly ýaşulular, din wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de gurluşykçy hünärmenler gatnaşdy. Bu barada “Ahal durmuşy” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

“Bagabat” şypahanasyna alyp barýan täze awtoulag ýolunyň ugrunda, tebigatyň gözel künjeginde guruljak metjidiň düýbüniň tutulyş dabarasynda ýagşydan ýagşy doga-dilegler edilenden soňra, dabaranyň hormatly myhmanlarydyr dili senaly ýaşulular täze binanyň binýadyna ilkinji beton bölegini taşladylar. Bu şatlykly pursat täze metjidiň gurluşygynyň başlanandygyny alamatlandyrdy.

Täze metjit we onuň ýanyndaky sadaka berilýän jaý 6 gektar meýdanda bina ediler. Onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Aga gurluşyk” hususy kärhanasynyň gurluşykçy hünärmenleri alyp barar.

Dört minaradan ybarat boljak metjidiň gurluşygynda täze tehnologiýalar, özboluşly binagärlik çözgütleri ulanylar. Täze metjitde 500 adama namaz okamaga ähli şertler göz öňüne tutular. Bu çäkde ýerleşjek sadaka jaýy hem 500 adama niýetlenýär. Mundan başga-da, onuň ýanaşyk ýerinde awtoduralga gurlar.

 

Aşgabatdan Dubaýa hepde 2 gatnaw amala aşyrylar

Ýene-de okaň

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri