BILIM

Alymlar dünýäniň iň pes temperaturasyny ölçediler

Alymlar laboratoriýa gurşawynda iň pes temperaturanyň ölçegini amala aşyrdylar. Birnäçe sekunt dowam eden synagda “nol” diýlip atlandyrylýan 0 kelwin (-273.15 Selsius) 38 pikokelwine deň boldy.

Bremen uniwersitetiniň nemes fizikleri rekord derejede pes temperaturanyň görkezijisini ölçemegi başardylar. Howanyň temperaturasy selsiý, kelwin we farengeýt ölçeg birlikleri bilen ölçenilýär.

Köp ýurtda ulanylýan Selsiýa ulgamyna görä absolýut nol -273,15 dereje Selsiýa laýyk gelýär. Absolýut nol, bir maddanyň molekulalarynyň entropiýasynyň iň pes bahasyna ýetýän teoretiki temperaturadyr.

Absolýut nol -273,15 Selsiýa, -459,67 Farengeit we 0 Kelwin. Bu görkezijide atomlaryň energiýasy ýok bolup, olar gymyldamaýan nokadyna ýetýär. Absolýut nol, teoretiki taýdan mümkin bolan iň sowuk temperaturadyr.

 

Sanjymlar “Covid-19”-a garÅŸy 90 göterim täsirli

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde hasaba almagyň tertibi

Türkmenistanda ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärleri berkitmegiň tertibi

Türkmenistanda aspirantura kabul etmegiň tertibi

Russiýanyň ilçisi: rus-türkmen uniwersiteti barada ylalaşyk tamamlaýjy tapgyrda

2026-njy ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy

Türkmenistanda pars dili boýunça Olimpiadany geçirmek teklip edildi

Ata Watan Eserleri