SPORT

“Altyn Asyr” topary Aşgabat şäheriniň Kubogyny gazandy

Futbol boýunça Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy duşuşygynda “Altyn Asyr” bilen “Aşgabat” toparlary duşuşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda bellenilýär.

Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini has ýerlikli peýdalanan “Altyn Asyr” 2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, baş baýraga mynasyp boldy.

Üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda “Köpetdag” topary “Ahal” toparynyň ýaşlar düzüminden 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Paýtagtymyzda geçirilen Aşgabat şäheriniň Kubogy ugrundaky bäsleşikde Milli ligamyzyň toparlarynyň 3-siniň (“Altyn Asyr” , “Aşgabat”, “Köpetdag”) hem-de “Ahal” toprynyň ýaşlar düzüminiň gatnaşandygyy ýatladýarys.

Final
“Altyn Asyr” – “Aşgabat” – 2:0
Gol: 62 Altymyrat Annadurdyýew, 66 Mihail Titow (“Altyn Asyr”)
Duýduryşlar: 75 Baýjan Satlykow, 77 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)

Üçünji orun ugrundaky duşuşyk
“Köpetdag” – Ahal II” – 3:1
Gollar: 55, 66 Batyrgylyç Berdiýew, 56 Yhlas Saparmämmedow (“Köpetdag”) – 6 Döwletgeldi Çaryýew (“Ahal II”)
Duýduryşlar: 7 Döwletnazar Omarow, 52 Toýly Batyrow (“Ahal II)

 

Otly gatnawlary ýola goýulýar

Ýene-de okaň

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy