TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Akyl-paýhas bäsleşiginde ýarym finalyň gatnaşyjylary mälim boldy

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw binasynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 8-nji oýny geçirildi. Bäsleşigiň bu gezekki oýny «Deli soltanlygynyň, Kutubşa, Sefewi we Owşar türkmenleriniň döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly tema bagyşlandy.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 8-nji oýnuna Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Meňli Çaryýewa, Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Babakuliýewa, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy  Şasenem Meýlisowa, Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 5-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Musa Ýusupow, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 33-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýnur Hudaýbergenowa, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherindäki 3-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýşat Hanowa, Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki 5-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülnara Myradowa hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Intizar Tagannyýazowa gatnaşdylar.Akyl-paýhas bäsleşiginiň bu gezekki oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň müdiri Geldimyrat Muhammedow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Täze we Garaşsyzlyk döwrüniň taryhy bölüminiň müdiri Kakabaý Amanmyradow dagy adalatly eminlik  etdiler.Bäsleşigiň jemlerine görä Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa  hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Intizar Tagannyýazowa ýeňiji boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de beýleki hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanan gymmatbahaly sowgatlar, institutymyzyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary gowşuryldy.Akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 8-nji oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti, «Balşeker» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän «Tibet Türkmen» hojalyk jemgyýeti, «Altyn» marketi hem-de dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärler üçin ýörite iş egin-eşiklerini hödürleýän «Saraýan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny «Miras» teleýaýlymy we TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Oňa ýakyn günlerde tomaşa edip bilersiňiz.

Aýlar Atajykowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

21-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

1-nji oktýabr – Ýaşulularyň halkara güni

Ata Watan Eserleri

Teswirle