TEHNOLOGIÝA

“Airbus” kompaniýasy “uçýan taksisini” tanyşdyrdy

Ýewropanyň öňdebayrjy awiagurluşyk kompaniýasy bolan “Airbus” kompaniýasy özüniň  “uçýan taksi” taslamasyny Tuluzadaky sammitinde tanyşdyrdy.

“Uçýan taksi” dikuçara meňzeýär. Bu modele “äpet sürüjisiz” ulag lakamy berildi. Ýöne resmi taýdan “CityAirbus NextGen” ady berildi.

Dört ýolagça niýetlenen bu uçýan taksiniň iň ýokary tizligi sagatda 120 kilometre barabar bolar. Şeýle hem ekologiýa taýdan arassa ulag bolan bu “uçýan taksi” elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr.

“CityAirbus NextGen” entek gutarnykly däl. Ilkinji uçuş 2023-nji ýylda meýilleşdirilýär.

 

BTS topary BMG-nıň Baş Assambleýasynda çykyş etdi

 

Ýene-de okaň

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler