DÜNÝÄ

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti döredildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki binalaryň we desgalaryň gurluşyklary bilen tanyşdy we şol ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Derýageldi Nuryýewiç Orazow Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellendi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti döredildi.

Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde badalga berlipdi. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýar. Şu tebigy gözelligi saklap galmak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanylar. Ol hem bu ýerde  has oňaýly smart siti — “akylly» şäheriň döremegine giň mümkinçilik berer.

 

Şamuhammet Durdylyýewe täze wezipä berildi

Ýene-de okaň

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri