SPORT

“Ahal” topary Çempionlar ligasyna şowly başlady

Türkmenistanyň wise-çempiony “Ahal” topary AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Jidda şäheriniň “Şazada Abdylla al-Faýsal” adyndaky stadionda geçirilen duşuşykda “Ahal” Birleşen Arap Emirlikleriniň “Şabab Al-Ahli Dubaý” topary bilen duşuşdy. Bu duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Bu barada “tff.com.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň 75-nji minudynda Abdy Bäşimowyň netijeli urgusy bilen öňe saýlanan “Ahal” bu goluň 4 minut yzysüresi 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby deňletdi. Bu urgyny “Şabab Al-Ahli Dubaýyň” özbegistanly ýarymgoragçysy Aziz Ganiýew dürs ýerine ýetirdi.

“C” toparçasynyň beýleki duşuşygynda Eýranyň “Fulad Huzestan” hem-de Kataryň “Al-Garafa” toparlary duşuşdy. Bu duşuşykda hasap açylmady – 0:0.

Bu toparçanyň ikinji tapgyrynda “Ahal” “Al-Garafa”, “Şahadab Al-Ahli Dubaý” topary bolsa “Fulad Huzestan” bilen duşuşar.

 

Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük gulluklary hyzmatdaşlygyny berkidýär

Ýene-de okaň

Özbegistan 2029-njy ýylda IV Aziýa Ýetginjekler oýunlaryny kabul eder

Türkmen türgeniniň Aziýa rekordy

Saud Arabystany binanyň depesinde stadion gurlar

Azerbaýjan topary Gurban Berdiýew bilen şertnamany uzaltmak isleýär

«Arkadag» topary bassyr üçünji ýyl wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy

“El-Klasiko”: “Real” topary “Barselonadan” üstün çykdy