TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda şu gün Aýsoltan Toýçyýewa çykyş eder

Agyr atletika boýunça Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynyň dokuzynjy gününde ― 15-nji dekabrda Türkmenistanyň milli ýygyndysyndan Aýsoltan Toýçyýewanyň çykyşyna tomaşa edip bileris. Ildeşimiz zenanlaryň arasynda 81 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşar.

Daşkent ― Aýsoltan üçin düşümli şäher

Özbegistanyň paýtagty Aýsoltan Toýçyýewa üçin hem düşümli şäherleriň biri. Maryly agyr atletikaçy geçen ýyl hut şu şäherde geçirilen halkara raýdaşlyk çempionatynda we şu ýyl geçirilen Aziýanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etdi. Aýsoltan Toýçyýewa halkara ýaryşlaryň başga-da ençemesine medallara mynasyp bolan türgendir.

Aýsoltanyň medal gazanmak mümkinçiligi näderejede?

Halkara agyrt atletika federasiýasynyň maglumatlarynda biziň ildeşimiziň şahsy rekordy 220 kilogram derejesinde görkezilýär. Elbetde, bu netije onuň garşydaşlarynyň aglabasynyňkydan pes. Şeýle-de bolsa, ynamly çykyş Aýsoltan Toýçyýewany üstünlige ýetirip biler.

Aýsoltanyň bäsdeşleri kimler?

  1. ERDENEBAT Bilegsaikhan, doglan wagty: 16.09.1998, döwleti: Mongoliýa. Şahsy rekordy:  210 kg;
  2. HOSSEINI Seyedehelham, doglan wagty: 16.09.1988, döwleti: Eýran. Şahsy rekordy: 227 kg;
  3. MARUSHCHAK Alina, doglan wagty: 03.06.1997, döwleti: Ukraina. Şahsy rekordy: 245 kg;
  4. CIKAMATANA Eileen, doglan wagty: 18.09.1999, döwleti: Awstraliýa. Şahsy rekordy: 260 kg;
  5. RIVAS MOSQUERA Valeria, doglan wagty: 23.04.2000, döwleti: Kolumbiýa. Şahsy rekordy: 240 kg;
  6. VANBELLINGHEN Anna Marie-J A M, doglan wagty: 03.10.1994, döwleti: Belgiýa. Şahsy rekordy: 222 kg;
  7. HAKOBYAN Tatev, doglan wagty: 21.03.1996, döwleti: Ermenistan. Şahsy rekordy: 250 kg;
  8. SENICOVA Nikola, doglan wagty: 27.05.2000, döwleti: Slowakiýa. Şahsy rekordy: 210 kg;
  9. KIM Iseul, doglan wagty: 25.02.2000, döwleti: Koreýa Respublikasy. Şahsy rekordy: 243 kg;
  10. CHIRINOS LEON Dayana Aracelis, doglan wagty: 10.04.1991, döwleti: Wenesiýa. Şahsy rekordy: 240 kg.

Adam atlarynyň manysy

 

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al Nasr” toparyna geçýär

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Teswirle