SPORT

“Adidas” muşdaklary üçin täze önüm

Günorta Koreýanyň dünýä belli “Samsung” kompaniýasy meşhur “Adidas” sport kompaniýasy bilen bilelikde “Samsung Galaxy Buds Pro Adidas Originals” gulaklygyny hödürledi. Adyndan görnüşi ýaly, bu gulaklyk ýörite “Adidas” sport eşikler markasy bilen bilelikde işlenip düzüldi we kompaniýa bilen manydaş, ak we ýaşyl reňkler bilen örtülipdir.

Bu gulaklyk “Adidas” önümine meňzeýär we gulaklygyň aýratyn zarýad beriş gutujygy hem ýerleşdirilen. “Galaxy Buds Pro Adidas Originals” gulaklygyň has hem aýratynlaşdyrýan zady, olaryň gaýtadan işlenen materialdan ýasalmagydyr.

“Samsung” bilen hyzmatdaşlykda “Adidas” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen gulaklyga “Stan Smith” seriýasynyň aýakgap talony bilen hem üpjün edilýär. Ýagny bu gulaklygy satyn alyjylar bu talony “Adidas” kompaniýasynyň bir sport aýakgabyny satyn almak üçin ulanyp bilerler. “Samsung” kompaniýasynyň habaryna görä, “Galaxy Buds Pro Adidas Originals” gulaklygy 7-nji aprelde kompaniýanyň web sahypasynda Günorta Koreýa döwleti üçin elýeterli bolar.

 

7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni

 

 

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri