7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni

Häzirki wagtda 200-e golaý döwletiň agza bolup durýan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Tertipnamasy 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde güýje girdi we 1950-nji ýyldan bäri her ýyl 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär.

Adamlaryň saglygyny berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmäge dünýä derejesinde örän uly üns berilýär. Bu biziň ýurdumyz babatda hem şeýledir. Saglyk ulgamyny ösdürmekde ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň saglygyny goramak hem-de ilatymyzy ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýänliginiň subutnamasy bolup durýar.

Sagdyn bolmak üçin sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti örän uly bolup durýar. Ýurdumyzda sporty ösdürmegiň esasy maksady sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň sanyny artdyrmakdan ybarat bolup durýar. Hut şu maksat bilen ýurdumyzda sport desgalarynyň birnäçesi gurlup ulanylmaga berildi.

Okap bilersiňiz  Türkmenistan «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyz dünýäniň nazarynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän ýurt hökmünde tanalýar. 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji maslahatynda her ýylyň 3-nji iýunyny “Bütindünýä welosiped güni” diýlip yglan edilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Ýurdumyzda dürli görnüşli sport bäsleşikleriniň geçirilmegi ýola goýuldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, “Amul-Hazar” awtoralli ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bolsa, Welotrek boýunça dünýä çempionaty hem-de Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşy geçiriler.

 

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

talyby.

 

Aşgabatlylar welosiped kärendesine berýän kärhananyň hyzmatlaryndan köpçülikleýin peýdalanýarlar