JEMGYÝET

Aşgabatlylar welosiped kärendesine berýän kärhananyň hyzmatlaryndan köpçülikleýin peýdalanýarlar

Türkmenistanda welosipedleri kireýine bermek, bejermek we ideg etmek hyzmatlaryny hödürleýän hususy tarap ― «Uçgun» hususy kärahanasy eýýäm bäş ýyldan bäri öz hyzmatlaryny hödürleýär ― diýip, «Watan» gazeti habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 19-njy fewralynda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasyna» seredip, ýurdumyzda welosiped sportuny ösdürmegiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebap ulgamyny döretmek boýunça birnäçe işleriň göz öňünde tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şolaryň hatarynda welosiped duralgalaryny gurmak, ýöriteleşdirilen dükanlary, ussahanalary, söwda merkezleriniň ýanynda olaryň goýulýan ýerlerini açmak hem-de welosiped ýodalaryny çekmek, welosiped bejerýän ussalary taýýarlamak, seýilgählerde ulular we çagalar üçin welosipedleriň hödürlenýän nokatlaryny açmak hem bellenilipdi.

Welosiped hyzmatlary bilen adygan «Uçgun» hususy kärhanasynyň dükanly we ussahanaly hyzmatlar öýi «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkezinde ýerleşýär. Bu hususy kärhana 2016-njy ýyldan bäri ildeşlerimize dürli görnüşli welosipedleri, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we bezeg serişdelerini, şeýle hem, welosipedleri bejermek boýunça hyzmatlary hödürleýär. Şeýle hem welosipedleri wagtlaýyn kärendesine bermek boýunça hyzmatlar ýola goýuldy. «Uçgunyň» wekilleri müşderilerimiziň islegini kanagatlandyrmak üçin şäheriň islendik ýerine welosipedleri gysga wagtda eltip berýärler. Kärende alnan wagt tamamlanansoň bolsa, welosipedler ýene-de alnyp gaýdylýar.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/broadway-teatry-tazeden-acyldy/

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi