JEMGYÝET

Adamlar näçe gradus yssa çydap bilýärkä?

Germaniýaly alymlar topary ýakyn wagtda adamlaryň, haýwanlaryň we ekinleriň näçe gradus yssa çydap bilýändiklerini anyklamak üçin barlag işlerini geçirdiler. Gelnen netijeler “The Lancet Planetary Health” žurnalynda çap edildi. Netijelere görä, jandarlar üçin iň çydamly gyzgynlyk 17-24 gradus aralygynda üýtgeýär.

Barlagda aýdylyşyna görä, adamlar ýokary nemli howalarda 23 gradusda, pes nemli howalarda bolsa 27 gradusda kynçylyk çekip başlaýarlar.

Mundan başga-da, geçirilen barlaglarda öte ýokary nemli howalarda 32 gradusdan ýokary yssynyň, öte pes nemli howalarda bolsa 45 gradusdan ýokary yssynyň adamyň ölümine sebäp bolup biljekdigi anyklandy.

Sygyrlar hem ýokary nemli howalarda 24 gradusda, pes nemli howalarda bolsa 29 gradusda kynçylyk çekýärler. Şeýle hem uzak wagtlap yssa duçar bolan sygyrlaryň süýt berijiligi 10-20% peselýändigi geçirilen barlaglaryň netijesinde çap edilen makalada nygtaldy.

Ekinleriň üstünde geçirilen barlaglarda bolsa, bugdaý ýaly salkyny halaýan ekinleriň salkynda has gowy ösýändigi, mekgejöwen ýaly yssy klimata uýgunlaşan ekinleriň bolsa, yssy howada hem ösmäge dowam edýändigi anyklandy.

 

Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan gatnaşjak türgenler belli boldy

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri