TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan gatnaşjak türgenler belli boldy

Dzýudo boýunça halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuradowa, agyr atletikaçylar Hojamuhammet Toýçyýew, Öwez Öwezow, Rejepbaý Rejebow, Polina Gurýewa, Kristina Şermetowa, ýeňil atletikaçy Mergen Mämmedow, suwda ýüzüjiler Darýa Semýonowa bilen Merdan Ataýew şu ýylyň 23-nji iýuny ― 8-nji awgusty aralygynda Tokio şäherinde geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenlerimiz boldy. Bu barada Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň resmi saýty habar berdi.

Mundan ozal 2016-njy ýylda Braziliýanyň Rio-de Žaneýro şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşan Gülbadam Babamuradowa dünýäniň iň iri sport baýramçylygynyň medalyna mynasyp bolmak üçin ýene bir ýola synanyşyp görer. 52 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşjak ildeşimiz öz agram derejesinde 29 türgeniň arasynda iň gowularyň biri bolmak üçin güýç synanyşar. Ýeri gelende aýtsak, Olimpiýa oýunlarynyň çägindäki dzýudo boýunça ýaryşlar 24 ― 31-nji iýul aralygynda Tokio şäherindäki «Nippon Budokan» sport toplumynda geçiriler. Sportuň bu görnüşi boýunça türgenler medallaryň 15 toplumy üçin göreşer.

Şu gezekki Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň agyr atletika boýunça ýygyndysyna bäş türgen wekilçilik eder. Hojamuhammet Toýçyýew 109 kilogramdan agyr agram derejesinde ýaryşsa, Öwez Öwezow 109 kilograma çenli ýaryşýan türgenleriň hataryndan orun alar. Dünýäniň wise-çempiony Rejepbaý Rejebow 81 kilograma çenli agram derejesinde Olimpiýa medalyna mynasyp bolmak üçin göreşer.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda bolsa ýurdumyza 55 kilograma çenli agram derejesinde Kristina Şermetowa, 59 kilograma çenli agram derejesinde Polina Gurýewa wekilçilik eder.

Agyr atletika boýunça ýaryşlarda türgenler medallaryň 14 toplumy üçin güýç synanyşarlar. Ýaryşlaryň Tokionyň halkara maslahatlar toplumynda 24-nji iýul ― 4-nji awgust aralygynda geçirilmegine garaşylýar.

Ýeňil atletikaçy Mergen Mämmedow bolsa XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýekedaban zyňmak boýunça gatnaşar. Sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlar 3 ― 5-nji awgust aralygynda Tokio Milli Olimpiýa stadionynda geçiriler.

Suwda ýüzüji türgenlerimiz 24-nji iýul ― 2-nji awgust aralygynda şäherdäki Sportuň suwdaky görnüşleri merkezinde ýaryşarlar. Suwda ýüzüjileriň arasyndaky ýaryşlarda türgenler medallaryň 35 toplumy üçin göreşer. Şol sanda olaryň arasynda Olimpiýa maksatnamasyna täze girizilen görnüşler hem bar. Ýeri gelende aýtsak, suwda ýüzmek boýunça Olimpiýa ýygyndymyza iki türgen wekilçilik edýär. Olardan Darýa Semýonowa 100 metr aralygyna brass usulynda, Merdan Ataýew bolsa 100 we 200 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça ýaryşar.

Tokio şäherine gitjek toparymyzyň düzüminde hünärmenlerdir tälimçiler hem bar. Olaryň hatarynda dzýudo boýunça tälimçi Çemengül Geldibaýewany, Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ikram Mätkerimow bilen Artur Emirýany, halkara derejeli sport ussady, Olimpiýa oýunlaryna dört gezek gatnaşyjy Ömürbek Bazarbaýew (üçüsi hem agyr atletika), halkara derejeli sport ussady Hajymyrat Rahmanowy (ýeňil atletika) we Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça erkekler we zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Sergeý Ýepifanowy görkezip bolar.

Hytaýyň kompaniýasy Türkmenistanda tebigy gaz tenderiniň ýeňijisi

 

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Katar-2022: Ýaponiýa pleý-off tapgyrynda, Germaniýa öýüne dolandy

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Teswirle