TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Açyk Gapylar: Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty şu ýylyň 24-nji aprelinde we 15-nji maýynda sagat 15:00-da 2021 — 2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda durmuşa ornaşdyrýan düýpli özgertmeleri, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda institutda alnyp barylýan işler, şeýle hem taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler barada “Açyk gapylar” günlerinde ýaşlara giňişleýin maglumat berler.

“Açyk gapylar” günleri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilýär.

Salgysy: Türkmenabat şäheriniň Şabende köçesiniň 7-nji jaýy.

Telefonlary: 3-04-21; 3-67-02; 3-25-44.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty barada maglumatlar bilen

www.tdmugi.edu.tm   web saýtynda tanşyp bilersiňiz.

 

«Google Earth» Ýeriň 37 ýyllyk özgermesini hödürleýär

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň döwrebap binasy gurlar

Sanawdaky Dokuz Eylül Uniwersiteti : Amerika we Türkiýede attestat bilen okamak

Baş Redaktor

Daşary ýurt dilleri boyunça bäsleşik geçiriler

Teswirle