BILIM

“Açyk gapylar”: Türkmen döwlet medeniýet instituty

Türkmen döwlet medeniýet instituty 2022-nji ýylyň 11-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär .

«Açyk gapylar» gününde medeniýetiň we sungatyň dürli ugurlary bilen gyzyklanýan ýaşlar, mekdep uçurymlary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylmy, bilimi ösdürmek babatdaky özgertmeleriniň institutda durmuşa geçirilişi, öwredilýän hünärler, döredijilik aýratynlyklary, milli sungatyň, medeni mirasymyzyň çuňňur öwredilişi we talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen ýakyndan tanşyp bilerler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň 114-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-11-30, 48-10-99.

 

Daşary ýurt diplomy : Ykrar Şahadatnamasy

Related posts

Azerbaýjanyň we Gazagystanyň uniwersitetleri 40 ylalaşyga gol çekdiler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Türkmenaragatnaşyk» Agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi:“Açyk Gapylar 2023”