BILIM

Açyk Gapylar : Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi

Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebi 2021 — 2022-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta we başlangyç hünärment mekdepleriň uçurymlaryny, harby bölümleriň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary şu ýylyň 15-nji maýynda sagat 14:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

“Açyk ga­py­lar” gü­nün­de ýaş­lar or­ta hü­när okuw mek­de­bi bi­len ta­nyş­dy­ry­lar, olara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni köpçülik işleri hem-de medeniýetli dynç almak üçin döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler. Şeýle hem olar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap alyp bilerler.

“Açyk ga­py­lar” gü­ni Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy­nyň Ne­şir­ýat-çap­ha­na orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheri. Galkynyş köçesiniň 66-njy jaýy.

Telefon belgisi: 22-07-35; 22-16-99.

 

 

Suwda ýüzmek: halkara ýaryşdan 7 medal

 

 

Ýene-de okaň

«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçirilýär

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden belleniler

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär

Ylymlar gününde geçiriljek çäreler

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri