TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Abu-Dabi 55 döwlet üçin karantin çärelerini ýatyrar

1-nji sentýabrdan Abu-Dabi emirligi Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna (BAE) gelýänleriň ýaşyl sanawyna girizilen 55 döwlet üçin hökmany karantin çärelerini ýatyrar diýip, “Gulf Today ” neşiri habar berýär.

Mundan ozal BAE 30-njy awgustdan başlap Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan tassyklanan koronawirusa garşy sanjymy bilen  sanjym edilen ýurtlaryň raýatlaryna syýahatçylyk wizasynyň berjekdigi mälim edipdi.

Bu karar ozal BAE-ä girmegi gadagan edilen ýurtlara degişlidir. Indi bu ýurtlaryň raýatlary howa menzilinde PZR barlagyndan geçmeli bolarlar. Sanjym edilmedik ýurtlaryň raýatlarynyň toparlary üçin öň girizilen düzgünler güýjünde galar. PZR barlaglary hökmany, ýöne sanjym edilen raýatlar birnäçe mümkinçiliklere eýedir.

Hytaýyň “Sinopharm” korporasiýasy we Amerikanyň “Pfizer” kompaniýasy, Germaniýanyň “BijNTech” hyzmatdaşlygy bilen bilelikde öndürilen sanjymlar, şeýle hem BSGG tarapyndan tassyklanmadyk Russiýanyň “Sputnik V” sanjymlary döwletde bardyr.

Häzirki wagtda BAE-de koronawirus ýokuşan adamlaryň sany günde müňden geçmeýär.

80 ýyldan soňra ekiz pil çagalary dünýä indi

 

Ýene-de okaň

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

THY: Aşgabat şäherine adaty gatnawlar başlaýar

Baş Redaktor

Ahalda döwrebap hassahana açyldy

Teswirle