TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

80 ýyldan soňra ekiz pil çagalary dünýä indi

Şri-Lankada 80 ýyldan soňra pilleriň saklanýan goraghanasynda şatlykly waka bolup geçdi. Surangi we Pandu atly pilleriň ekiz piljagazlary dünýä indi. Bu ekizler 1941-nji ýyldan soňra Şri-Lankada dünýä inen ilkinji ekiz pil çagalary boldy.

Ene pil we çagalarynyň özlerini kadaly alyp barýandygy mälim edildi. Şri-Lanka dünýädäki ýabany pilleriň saklanýan esasy ýurtlarynyň biridir. Bu ýerde 1975-nji ýylda ilkinji goraghana açyldy we bu ýerde 80-den gowrak adam kömegine mätäç piller saklanýar.

Şri-Lankada köp sanly gurply adamlar baýlygyny görkezmek maksady bilen pilleri öz mülk ýerlerinde saklaýarlar.

Ýurtda köp sanly ýabany pil bar. Olary tutmak ýurtda gadagan edilendir. Resmi maglumatlara görä, Şri-Lankada 200 töweregi pil eldekleşdirilipdir we ýabany tebigatda takmynan 7500-den gowrak piliň bardygy mälim edilýär.

 

161 müňden gowrak okuwça kompýuterler sowgat berildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Wise-premýer Mämmedowanyň Fransiýadaky iş sapary

Teswirle