161 müňden gowrak okuwça kompýuterler sowgat berildi

1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli dabaralar geçirildi. Ahal welaýatynda 5, Lebap welaýatynda bolsa 2 sany umumybilim orta mekdepler açylyp ulanmaga berildi.

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralarynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synplaryň okuwçylaryna “Bilimli” atly kompýuterler sowgat berildi.

Täze 2021 — 2022-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilen okuwçylara Türkmenistanda öndürilen kompýuterleriň 161 müň 739-sy gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, bu babatdaky çözgüt bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin şertleri döretmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň elektron senagatynda 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda döredilen “Agzybirlik tislimaty” bilelikdäki kärhana bu ugurdaky ilkinji hususy kärhanalaryň biri boldy. Üstümizdäki ýylda, ýurduň orta mekdepleriniň birinji synp okuwçylaryna sowgat  berlen kompýuterleriň tutuş toplumy bu kärhanada öndürildi.

Türkmen kompaniýasy çagalar üçin uýgunlaşdyrylan “Bilimli” kompýuterleriň kämilleşdirilen modelini taýýarlady.

TÄZE MEKDEPLER GAPYLARYNY GIŇDEN AÇDY

Täze 2021 — 2022-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň  Babarap obasynda Annak Sähetmyradow adyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdep, Änew şäherinde 720 orunlyk, Ak bugdaý etrabynda 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde 640 orunlyk, Babadaýhan etrabynda 960 orunlyk täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepler açyldy.

Şeýle hem Lebap welaýatynda Saýat etrabynyň Çowdur we Lebaby geňeşliklerinde gurlan döwrebap mekdepleriň 2-si welaýatynyň umumybilim berýän edaralarynyň üstüni ýetirdi. Şolaryň her biri 600 okuwça niýetlenendir.

2-nji sentýabrdaky howa maglumaty

 

ÝENE-DE OKAŇ

21-22-nji sentýabrda Türkmenistanyň söwda we senagat edarasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli köpugurly sergi guraldy. Oňa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlet böleginiň düzümleri, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň,  “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň,  Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we beýleki ulgamlarynyň, hususy pudagynyň wekilleri, şeýle-de,  Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýokary derejede...
Kenzo Takada 1939-njy ýylda Ýaponiýada dünýä inýär. Ol gyz jigileriniň okaýan žurnallaryny okap, moda bilen gyzyklanmaga başlaýar. Takada Tokionyň moda kolležleriniň birinde bilim alýar. Okuwyny tamamlap, Pariže gidýär, ol ýerde dizaýner bolup işleýär.1970-nji ýyldan başlap Takada zenanlar üçin üýtgeşik biçüwli egin-eşikleri taýýarlaýar,1983-nji ýylda erkekler üçin hem kolleksiýon dizaýn edýär.  Bäş ýyl soňra ilkinji atyryny halka hödürledi. 1970-nji ýylda döredilen “Kenzo”...
Google: Dünýäde iň köp ulanylýan programmadyr. Kompaniýalaryň gurujylary Larry Page, Sergey Brin Standford uniwersitetiniň ilkinji ýyllarynda hem kompaniýanyň zerurlygyny  bilýärdiler. Bu sebäpli hem kompaniýalaryna matematikada iň uly sanlaryň biri bolan “ Googol” adyny bermekçidiler. Emma Larry Pageiň “googol” ýerine “Google” diýip ýalňyş ýazmagy netijesinde häzirki google kompaniýasy “google” ada eýe boldy. Rolex: Häzirki wagtda iň köp ulanylýan sagatlaryň biridir. Ilkibadalar...
Russiýa Federasiýasy 5-nji oktýabrda  Jibuti, Daniýa, Täze Zelandiýa, Günorta Afrika we Peru bilen uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär. Ähli ýurtlardaky epidemiologik ýagdaýy göz öňünde tutup, 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan aşakdaky ýurtlar bilen yzygiderli uçuşlary iki taraplaýyn dowam etdirmek kararyna gelindi: Hindistan Moskwa - Goa, Sankt-Peterburg - Deli we Sankt-Peterburg - Goa  her ugurda hepdede bir gatnaw ýygylygy bolar, Ispaniýa...
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna  bagyşlanan ýurdumyzyň halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi geçirildi. Sergä ýurdumyzyň ähli hususy kärhanalary öz önümleri bilen gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Türkmenbaşy jins toplumyň “Bedew” haryt nyşanly jins önümleri hem bar. Biz Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen şol ýerde bolanymyzda, Türkmenbaşy jins toplumyň baş direktory Begaliýew Baýrammyrat Allamyradowiç...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
884FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar