DÜNÝÄ

98 ýyllyk taryhynda ilkinji zenan ýolbaşçy

ABŞ-nyň “The Walt Disney Company” korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy wezipesine zenan maşgala saýlandy. Şeýlelikde, kompaniýanyň 98 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek zenan maşgala ýolbaşçylyk eder. Bu barada kompaniýanyň ýaýradan metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

– “The Walt Disney Company” korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy wezipesine Sýuzen Arnold saýlandy. Ol 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryndan wezipesine girişer – diýlip, metbugat beýannamasynda bellenilýär. Sýuzen Arnold wezipesinden gidýän Robert Aýgeriň ýerine geçer.

Metbugat beýannamasynda bellenilip geçilişi ýaly, Sýuzen Arnold “Disneý” korporasiýasynyň bähbitlerine uzakmöhletleýin esasda hyzmat etmäge uly sabyrzylyk bilen garaşýar.

Mälim bolşy ýaly, Sýuzen Arnold 2007-nji ýylda kompaniýanyň direktorlar geňeşiniň düzümine giripdi. Şeýle hem ol “Procter & Gamble” we “McDonald’s” ýaly kompaniýalaryň hem dolandyryjylar geňeşiniň düzüminde orun alýar.

“The Walt Disney Company” korporasiýasy ozalky ýolbaşçysy Robert Aýgeriň döwründe “Pixar”, “Marvel”, “Lucasfilm” we “21st Century Fox” ýaly kinostudiýalar satyn alyndy, şeýle hem “Walt Disney” 2016-njy ýylda Hytaýda özüniň ilkinji seýilgähini açdy.

 

2021-nji ýylyň iň meşhur aktýorlary we aktrisalary

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Eýranyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň halkara guramalaryň ýanynda hemişelik wekilhanalary açylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti «Global Rail 2025» atly Halkara sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny» atly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Horwatiýanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Wladimir Putin Täjigistanda döwlet saparynda bolar