TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

96 ýyldan soňra ýene-de 5:0-lyk ýeňiş

Angliýanyň Premýer-ligasynda “Liwerpul” topary myhmançylykda “Mançester Ýunaýted” toparyny 5:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda köp sanly garaşylmadyk netijeler gazanyldy.

Taryha giren duşuşykda Nabi Keita 5-nji minutda gol geçirip, toparyny1-0 hasabynda öňe çykardy. Şondna soňra 13-nji minutda Diogo Jota hasaby 2:0-a ýetirdi.

Duşuşygyň iň gowy futbolçylarynyň birine öwrülen Mohamed Salah 38-nji minutda hasaby 3:0, 45+5-nji minutda bolsa, hasaby 4:0-a ýetirdi.

Şeýlelikde, “Mançester Ýunaýted” topary Premýer-liganyň taryhynda ilkinji gezek bir duşuşygyň birinji ýarymynda öz derwezesine 4 pökgi geçirtdi.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda, ýagny 50-nji minutda tapawutlanan Mohamed Salah hasaby 5:0-a ýetirip, “Mançester Ýunaýted” toparyna garşy “Old Trafford” stadionynda het-trik eden ilkinji Premýer-liga futbolçysy boldy.

Salah “Mançester Ýunaýted” toparynyň “Old Trafford” stadionynda 2003-nji ýylyň fewral aýyndan soňra, ýagny 18 ýyldan soňra 3 gol geçiren ilkinji futboly boldy.

Duşuşygyň 60-njy minutyndan soňra 10 müň janköýer stadiony terk etdi.

“Mançester Ýunaýted” topary 1925-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda 5:0 hasabynda utulypdy. Şondan soňra ilkinji gezek şeýle netije bilen ýeňlişe sezewar boldy.

 

“El Klasiko”: “Real Madrid” ýeňiş gazandy

Ýene-de okaň

Katar-2022: Messili Argentina ýarym finalda

Ata Watan Eserleri

Katar-2022: Horwatiýa ilkinji ýarym finalçy

Ispaniýanyň ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

Teswirle