DÜNÝÄ

9 çagany dünýä inderdi

Malili zenan 9 çagany dnüýä inderdi. Onuň 5 gyzy we 4 ogly boldy. Marokkanyň Kazablanka şäherinde malili zenan 5 gyz hem-de 4 oglan, jemli 9 çagany dogurdy. Maliniň Saglygy goraýyş ministrliginiň habar bermegine görä, ýurduň raýaty Halime Sisiniň Kasablankadaky saglyk edarasynda çagalaryny dünýä inderendigini mälim edildi.

Enäniň hem-de 9 çagasynyň saglyk ýagdaýynyň kanagatlanarlydygy aýdylýar. Halime Sisi Maliniň paýtagty Bamakoda lukmançylyk barlagynda geçende göwresinde 7 çaganyň bardygy anyklanypdy. Şonuň üçin saglyk ýagdaýynyň gözegçilikde saklanmagy üçin 30-njy martda Marokka iberilipdi. Ýöne malili zenanyň 7 däl-de, 9 çagasynyň bolandygy mälim edildi.

Bu zenanyň Marokkadaky saglygy goraýyş edarasyndaky çykdajylary Maliniň hökümeti tarapyndan tölenendigi bellenilip geçildi.

 

Awstriýa: türkmen talyplaryna talyp hakly okuw mümkinçiligi

 

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy