BILIM

Awstriýa: türkmen talyplaryna talyp hakly okuw mümkinçiligi

Ýurdumyzyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory bilen Awstriýanyň Leoben dag-magdan uniwersitetiniň rektorynyň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk 2020-nji ýylda iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnamanyň çäklerinde amala aşyryldy.

“orient.tm” internet neşirindäki habara görä, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Bayrammyrat Atamanow hem-de Leoben dag-magdan uniwersitetiniň rektory Wilfrid Eýhlseder ähtnamadan gelip çykýan uniwersitetleriniň arasyndaky halkara gatnaşyklar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilişi barada jikme-jik pikir alyşdylar.

Hususan-da, Awstriýanyň ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy türkmen talyplarynyň Leobende okamak hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin kurslardan geçmek üçin talyp haky mümkinçiligini döretmäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem onlaýn okuw sapaklarynyň geçirilmeginiň guralmagy babatda hem pikir alşyldy.

Duşuşyga Awstriýanyň ýokary okuw mekdebiniň halkara gatnaşyklar boýunça prorektory Peter Mozer hem gatnaşdy.

Leoben uniwersiteti öz ugry boýunça Ýewropanyň iň gadymy ýokary okuw mekdepleriniň biridir we ol dag-magdan hem-de nebitgaz ulgamlarynda giň ylmy mümkinçilikler eýedir.

 

Aşgabat ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna goşular

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda magistratura maksatnamalary boýunça täze ugurlaryň 6-sy açyldy

Türkmenistanda 1 müň 239 sany talyp orny artdyryldy

Türkmen ýaşlarynyň 67-nji Halkara matematika olimpiadasyndaky üstünlikleri

Türkmenistanda uniwersitetlere resminamalaryň kabul edilişini internet arkaly yzarlap bolýar

Dünýäniň iň owadan sözi belli boldy

Baku dünýäniň iň gowy talyp şäherleriniň TOP-100 sanawyna girdi